Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin seçip alyş işleri başlanýar, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi 5 gün dowam eder we beýleki habarlar

11:1015.03.2023
0
31019

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin HHR-niň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Seçip alyş işleri degişli synaglaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda geçiriler. Hünärleriň sanawy, ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar. Resminamalar 2023-nji ýylyň 15 — 22-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

2. 17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli sergi açylar. Serginiň guramaçylyk topary pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň gyzyklanma bildirýän hünärmenlerini, Türkmenistanyň işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä gatnaşmaga çagyrýar. Sergi 23-nji marta çenli işlär.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçirilen duşuşykda Aşgabatda üç sany lukmançylyk merkezini gurmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýatlatsak, Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasyna türkmen paýtagtynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklary ynanyldy, 15-nji martda bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.

4. Türkmen telekeçileri Hytaýyň iň iri we iň irki sergileriniň biri bolan «China Import and Export Fair» sergisine gatnaşyp bilerler. Gözden geçiriliş 2023-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Guançjouda geçiriler. Sergide 26 müňden gowrak hytaý we daşary ýurt kompaniýalary öz önümleri bilen tanyşdyrarlar.

5. Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekilleri mart aýynyň başynda Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde geçirilen Ýewraziýanyň uniwersitetler birleşiginiň XV mejlisine gatnaşdylar. Mejlisiň işine dünýäniň 18 ýurdundan 127 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdylar. TDU-nyň we MDU-nyň wekilleriniň duşuşygynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläk hem özara gatnaşyklary ilerletmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6. «Mobile tm» onlaýn-dükany öz alyjylarynyň arasynda gymmat bahaly sowgatly bäsleşik geçirýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylary mobile.com.tm saýtynda hasaba alynmaly we 2023-nji ýylyň dowamynda söwda etmeli. 12 aýyň dowamynda iň köp söwda eden müşderiler ýeňiji bolmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Bäsleşigiň netijeleri 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda «Mobile tm» saýtynda ýerleşdiriler. Esasy sowgatlaryň hatarynda «Apple», «Samsung» we «Xiaomi» kompaniýalarynyň smartfonlary bar.

Dünýäde

7. Russiýada 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýaş telekeçiler öz işini ösdürmek üçin ýylda üç gezege çenli 1 million rubla çenli möçberde döwletden goldaw puluny alyp bilerler. Haçan-da ilkinji taslama üstünlikli ýerine ýetirilen ýagdaýynda döwletden üç gezeklik goldaw almak mümkin bolar. Iň ýokary möçber – 1 million rubl, Uzak Demirgazyk we Arktika sebitlerinde hasaba alnan kiçi we orta telekeçiler üçin bolsa goldaw serişdeleriniň möçberi 2 milliona çenli artdyrylyp bilner.

8. 15-nji martdan başlap, bütin dünýäde magnit hadysasy diýlip hem bilinýän güýçli «Gün tupany» başlanar. Magnit tupany bäş gün dowam eder. Howanyň täsirine duýgur adamlara bu günlerde öz saglygyna örän seresaply çemeleşmek, ýagdaýyny gözegçilikde saklamak, fiziki agramlary azaltmak we zerur derman serişdelerini ýanlaryndan aýyrmazlyk maslahat berilýär.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň wekilleri ilkinji gezek zenanlaryň arasynda boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Türgen gyz Gülzada Jorakulyýewa 66 kg çenli agram derejede çykyş eder. Ozal ol kikboksing boýunça halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik edýärdi. Boks boýunça çempionat 14 – 26-njy mart aralygynda Nýu-Delide (Hindistan) geçiriler.

10. «Gazprom» erkekler ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek ilkinji Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň hemaýatkäri bolar. Bäsleşige Russiýanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Ozal Russiýanyň milli ýygyndysynyň hem bäsleşige gatnaşjakdygy habar berlipdi. CAFA çempionaty 2023-nji ýylyň iýunynda Daşkentde we Bişkekde geçiriler. Bäsleşigiň duşuşyklarynyň netijeleri FIFA-nyň sanawynda hasaba alnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň