Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygy kabul etdi

21:5214.03.2023
0
47288
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygy kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewür bilen mähirli salamlaşyp, ilki bilen, doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Şu agyr pursatda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy medet beriji sözleriň ynsan ruhuny götermekde ähmiýetlidigini durmuş tejribesiniň subut edendigini belledi.

Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, türkiýeli işewür Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi. Şeýle-de işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Ahmet Çalyk özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ata Watany bolan Türkmenistanda soňky ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşleriň gazanylmagynda we ýurduň dünýä derejesindäki abraýynyň belende göterilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmelere möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewür toparlarynyň türkmen döwletinde başy başlanan hem-de milli ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny nygtap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şol gatnaşyklaryň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň «Gap Inşat» kompaniýasyna Türkmenistan üçin ähmiýetli täze desgalaryň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygyny, 15-nji martda bolsa olaryň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Işewür özlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw we bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň