Turkmenportal logo
14.03.23
3545335453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan taryhynda ilkinji gezek boks boýunça zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistan taryhynda ilkinji gezek boks boýunça zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşarPhoto: salamnews.tm

Türkmenistanly boksçy Gülzada Joragulyýewa ýurduň taryhynda boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan ilkinji zenan türgen bolar. Dünýä çempionaty 14 ― 26-njy mart aralygynda Hindistanyň Nýu Deli şäherinde geçiriler.


«Salam» neşiriniň ýazmagyna görä, türkmenistanly türgen 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder.


Hindistana giden türkmen wekiliýetiniň hatarynda tälim Timur Jumakulow bilen emin Işanguly Meretnyýazow hem bar.