Ýagşymyradow «Bellator 292-de» Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar

11:1611.03.2023
0
44307

1. Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» çempionatynda litwaly Julius Englikasy ýeňdi. Tutluşyk üç raund dowam etdi. Ýagşymyradow duruşda has takyk we tutluşykda has üstün görünýärdi – ol teýkdaunlar boýunça 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy we tutluşykdaky ýagdaýy 2 minuda golaý öz peýdasynda saklamak üstünligine eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, eminler ýeňşi biragyzdan türkmenistanly türgene berdiler.

2. Türkmenistanyň we Türkmenistanda ýaşaýan Türkiýäniň raýatlary tarapyndan 6-njy fewralda bolup geçen ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy bagyş edildi. Bu barada Türkiýäniň ilçisi Togan Oral metbugat beýanatynda habar berdi. Diplomat Türkmenistan tarapyndan betbagtçylygyň bolup geçen sebitine iberilen ynsanperwer kömeginiň alnandygy we paýlanylandygy barada hem aýtdy.

3. Hytaýyň paýtagtynda geçirilen Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň birinji sessiýasynda Si Szinpin ýurduň Başlyklygyna saýlandy. Çözgüt biragyzdan kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini HHR-niň Başlygy wezipesine üçünji möhlete gaýtadan saýlanmagy bilen gutladylar.

4. 18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Şu ýyl tutuş ýurt boýunça dürli agaçlaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Olardan 1,5 milliony ýazky bag ekmek dabarasynda oturdylar. Türkmenistanda bag ekmek dabarasy ýylda iki gezek geçirilýär.

5. Türkmenistandan Hytaýa uçýan ýolagçylar uçardan düşenlerinde COVID-19 boýunça PSR-testiniň negatiw netijesi hakynda kepilnamany bermeli bolarlar diýip, «Türkmen howa ýollarynyň» resmi saýtyndaky habarda bellenilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikeldýär. Ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi bolmadyk ýolagçylar uçuşa kabul edilmez.

Dünýäde

6. Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Ahmet Alekperowiç Ahmedow 9-njy martda 101-nji doglan gününi belledi. Uzyn ýaşly ýaşaýjy aňynyň aýdyňlygyny, saglygyny we iň esasysy – durmuşdan lezzet almak islegini saklaýar. Ahmet aganyň agtygy Alinanyň «Turkmenportalyň» habarçysyna beren gürrüňine görä, atasy köp ýyllaryň dowamynda birnäçe düzgünleri berk berjaý edýär – gündelik pyýada gezelenç edýär, agşam naharlanmaýar we et iýmeýär, ertirlik üçin bolsa ýarmany (kaşa) gowy görýär. Şeýle hem lukmançylyga hormat goýmak bilen, asla derman serişdelerini peýdalanmaýar.

7. Täjigistanly ilkinji zenan uçarman Tatýana Afentýewa müň sagatdan gowrak uçuş amala aşyrdy. Afentýewa 2011-nji ýylda zähmet ýoluna uçarbelet hökmünde başlady. 2020-nji ýylda Täjigistanyň «Somon Air» awiakompaniýasynda kömekçi uçarman wezipesine bellenildi we tälim uçuşlaryny ýerine ýetirip başlady. 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Duşanbe – Daşkent – Duşanbe ugry boýunça ilkinji özbaşdak uçuşyny amala aşyrdy. Tatýana Afentýewa Russiýanyň Sasowo raýat awiasiýa uçuş mekdebinde uçarmanlyk okuwyny okap, ähli synaglardan we soňky amaly uçuş barlaglaryndan üstünlikli geçdi. Häzirki wagtda ol «Boeing 737 Next Generation» kysymly uçarlarda halkara gatnawlary amala aşyrýan ýokary hünär derejeli uçarmandyr. Tatýananyň meýilnamasyna Moskwa, Dubaýa, Pekine, Mýunhene dowamly howa gatnawlary girýär.

Sport habarlary

8. Basketbolçy Maýkl Jordan taryhda iň köp hak tölenýän türgen diýlip ykrar edildi. Jordan özüniň sport karýerasynda 3,3 milliard dollar gazandy. Golfçy Taýger Wuds dünýäniň iň baý türgenleriniň sanawynda ikinji orny eýeleýär, onuň maddy ýagdaýy 2,5 milliard dollara deň hasaplanýar, üçünji orny 1,7 milliard dollar bilen Wudsyň kärdeşi – Arnold Palmer eýeleýär.

9. Halkara şaýbaly hokkeý federasiýasy 11 – 17-nji mart aralygynda Ulan-Batorda geçiriljek ýetginjek toparlaryň arasynda Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň duşuşyklarynyň başlanjak senesini we wagtyny yglan etdi. Kubok üçin Türkmenistan, Özbegistan, Tailand, BAE, Mongoliýa we Eýran özara bäsleşerler. Türkmenistanyň ýetginjekler toparynyň ilkinji oýny 11-nji martda Özbegistanyň toparyna garşy geçiriler. 12-nji martda türkmen hokkeýçileri Tailand bilen, 14-nji martda – BAE bilen, 15-nji martda çempionatyň ýer eýeleri – Mongoliýa bilen oýnarlar we ýaryşy 17-nji martda Eýrana garşy duşuşyk bilen tamamlarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň