Turkmenportal logo
10.03.23
2554725547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Si Szinpin HHR-iň Başlyklygyna üçünji möhlete saýlandy
Surat: rg.ru

Si Szinpin Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň birinji sessiýasynda ýurduň Başlyklygyna üçünji möhlete saýlandy diýip, «Interfax.ru» habar berýär.


Çözgüt deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi.


Szinpin şeýle hem Merkezi harby geňeşiň başlyklygyna saýlandy.


Ol 2018-nji ýylda ýurduň Konstitusiýasyndan HHR-iň Başlygy wezipesini iki bäşýyllyk möhlet bilen eýelemek barada düzgüni aýyrmak bilen bagly üýtgeşme girizilmegi netijesinde, üçünji gezek döwlet Baştutany boldy.


Si Szinpin 1953-nji ýylyň 15-nji iýunynda doguldy. 2012-nji ýylda ol Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary boldy, 2013 we 2018-nji ýyllarda HHR-iň Başlygy wezipesine saýlandy. Szinpin şeýle-de 2017 we 2022-nji ýyllarda HKP-niň XIX we ХХ gurultaýlarynda Kompartiýanyň MK-niň Baş sekretarlygyna saýlandy.


Hytaýyň Kompartiýasynyň düzgünnamasynda Baş sekretaryň wezipe ygtyýarlylyklarynyň möhletine degişli çäklendirme ýok.