Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, «Tölegde» AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar

10:5610.03.2023
0
37974

1. Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawyna girdi. «Global Petrol Prices» gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 95 oktan belgili benziniň elýeterliliginiň sanawynda ýedinji orny eýeleýär. Bütin dünýäde benziniň ortaça bahasy bir litr üçin $1,30 deňdir. Iň gymmat benzin Gonkongdadyr, ol ýerde bir litr benziniň bahasy $2,941 deň. Türkmenistanda bir litr benziniň bahasy $0.427 deňdir.

2. «Töleg» ykjam programmasy arkaly AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi. Ykjam programma «AppStore» we «Google Play» platformalarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. AŞTU-nyň abonentleri goşmaça töleg geçirmezden, «Töleg» ykjam programmasynda «Altyn asyr» ulgamynyň bank kartlary arkaly internet, IPTV we öý telefony hyzmatlarynyň töleglerini töläp bilerler.

3. Nazir Habibow «Arkadagly Serdarym» atly täze albom çykardy. Albomy ýazgy etmek işleri bäş aý dowam etdi, ol 18 aýdymy öz içine alýar. Olaryň hatarynda birnäçe aýdyşyklar (duetler), şeýle hem eýýäm meşhurlyk gazanan we türkmen diňleýjileri tarapyndan söýlüp diňlenilýän «День рождения» we «Arzuw» atly aýdymlar bardyr. Nazir Habibow özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda albomyň üstünde işlän ähli adamlara, şeýle hem öz diňleýjilerine sagbolsun aýdýar. Täze albomy ýurduň ähli künjeklerindäki ýöriteleşdirilen audio dükanlarynda satyn alyp bilersiňiz.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze tertibini tanyşdyrdy, täze tertip 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan hereket edip başlar, şeýle hem awiakompaniýa Aşgabatdan uçýan ugurlaryň sanyny has-da artdyrjakdygyna söz berdi. «Türkmen howa ýollarynyň» uçarlary 7 ýurtdaky 8 sany bellenen nokada uçuşlary amala aşyrarlar. Awiakompaniýanyň halkara gatnawlar tory Dubaý, Deli, Maýndaky Frankfurt, Kazan, Moskwa, London, Pekin we Stambul şäherlerini öz içine alýar.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň degişli sebit düzüminiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi. Resminamalar sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam bermek hem-de guraklaşan we şorlaşan oba hojalyk meýdanlarynda tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça taslamalara degişlidir.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň meseleleri iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Raşid Meredowyň we Sirojiddin Muhriddiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sapary apreliň birinji ýarymyna bellenildi.

Dünýäde

7. Täze «iPhone 14-iň» we «iPhone 14 Plus-yň» reňk öwüşginleri ýene bir reňk – açyk sary reňk bilen baýlaşdyryldy. Täze smartfonlaryň bahasy «iPhone 14» üçin 799 dollardan, «iPhone 14 Plus» üçin bolsa 899 dollardan başlanýar. Ozal «iPhone» smartfonlarynyň 14-nji nusgalary gara, ak, gyzyl we benewşe reňklerde çykypdy. Sary reňkli «iPhone 14» 14-nji martda satuwa çykarylar, emma eýýäm 10-njy martdan başlap, öňünden sargyt etmek mümkin bolar.

8. Argentinaly futbolçy Lionel Messi täze multiplikasion serialyň (köp bölümli filmiň) gahrymany bolar. Taslamanyň üstünde «Sony Music Entertainment» kompaniýasy futbolçynyň özi bilen bilelikde işlär. Multfilm ýaşajyk tomaşaçylara türgeniň çagalygy barada gürrüň berer. Sýužet esasynda ýaş Leo kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretmek başdangeçirmeler garaşýar.

Sport habarlary

9. Döwletjan Ýagşymyradow Englikas bilen boljak tutluşykdan ozal agram çekmek çäresinden üstünlikli geçdi. Türkmen türgeni 93,3 kg görkezip, ýarymagyr agram derejesiniň kesgitlenen çäklerinde saklandy, onuň garşydaşy Julius englikas hem terezide şol netijäni görkezdi. Tutluşyk San-Hosede geçiriler. «Bellator 292» çempionatyny tölegli kabel we hemra teleýaýlymy «Showtime» görkezer. Ýagşymyradowyň häzire çenli 19 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň tamamlanan tutluşygy bar. Englikas garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-synda ýeňiş gazandy.

10. Türkmenistanyň «Ahal» topary BAE-de geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde dostluk duşuşygynda Hytaýyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysyndan (U23) üstün çykdy. Duşuşyk «Ahalyň» ýeňşi bilen 2:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşyk Marjdaky «Hamriýa» sport-medeni klubynyň futbol meýdançasynda geçirildi. Toparlar 3 günden ýene-de duşuşarlar. Türkmenistanyň häzirki çempionynyň türgenleşik ýygnanyşygy BAE-de martyň ortalaryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň