FAO bilen hyzmatdaşlyk babatda resminamalara gol çekildi

21:5909.03.2023
0
31887

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onuň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň arasynda «Sanly ýer kadastrynyň döredilmegine ýardam» atly taslama resminamasy, şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň arasynda «Merkezi Aziýada we Türkiýede guraklaşan hem-de şorlaşan oba hojalyk-önümçilik ýerlerinde tebigy baýlyklary dolandyrmak» atly taslamanyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň