Soňky habarlar

Arhiw

Aýdymçy Nazir Habibow «Arkadagly Serdarym» atly täze albomyny çykardy

16:1209.03.2023
0
66290

Türkmenistanda giňden tanalýan aýdymçy Nazir Habibow «Arkadagly Serdarym» diýen at bilen täze aýdym albomyny çykardy.

Albomy taýýarlamak işleri bäş aý dowam edip, oňa 18 sany aýdym girizildi. Olaryň hatarynda birnäçe duet aýdymlary, şeýle-de eýýäm diňleýjiler köpçüligi tarapyndan söýlüp diňlenilýän «День рождения» we «Arzuw» atly aýdymlar hem bar.

Özüniň belleýşi ýaly, bu aýdymlardan aýdymçynyň aýratyn halaýany we ilkinji orunda goýany «Arkadagly Serdarymyz» diýen aýdymdyr. Bu aýdymda Watana, ene topraga bolan söýgi, döwlet Baştutany — Prezident Serdar Berdimuhamedowa bolan buýsanç beýan edilýär.

Nazir Habibow öz sosial media ulgamyndaky hasabynda albomy taýýarlamaga gatnaşanlara hem-de diňleýjilerine uly minnetdarlyk bildirýär.

«Meniň aýdymlarym diňleýjilere näzik duýgulary peşgeş berip, türkmenistanlylaryň kalbynda orun alar diýip umyt edýärin» – diýip, Nazir Habibow «Turkmenportal» bilen pikirini paýlaşdy.

Täze albomy ýurduň ähli ýöriteleşdirilen audio dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň