Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar

13:3209.03.2023
0
45268
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar
Surat: mfa.tj

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti täjik tarapynyň çakylygy boýunça Täjigistan Respublikasynda iki günlük saparda bolýar. Wekiliýetiň düzüminde Bilim ministrliginden, Ulag we aragatnaşyk ulgamyndan, Söwda-senagat edarasyndan hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan wekiller bar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri saparynyň çäklerinde 8-nji martda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddinow bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistanyň DIM-niň Maglumat bölümi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, sebit derejesinde we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada pikir alşyldy. Şeýle-de 2023-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbede geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işlerine-de garadylar.

Şu gün saparyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň