Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 4G LTE torunyň sanly hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmagy dowam etdirýär, Aşgabatda ilkinji gezek rus dili boýunça olimpiada geçiriler, Türkmenistanyň wekilleri BSG-e girmek bilen baglanyşykly okuwlary geçdiler we beýleki habarlar

11:1501.03.2023
0
41213

1. Türkmenistanyň täze ilatly nokatlarynda «Altyn asyryň» 4G mobil internet ulgamy peýda boldy. Geografiýanyň giňelmegi we täze binýatlaýyn stansiýalaryň ulanylmagy bilen, «Altyn asyryň» abonentleri üçin LTE torunyň gurşawy has-da gowulandyryldy. Bu işler ýurduň ähli welaýatlarynda diýen ýaly alnyp baryldy. LTE hyzmatlarynyň artdyrylmagy mobil interneti has işjeň ulanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň barha artýan isleglerini göz öňünde tutup, operator Türkmenistany mobil aragatnaşygy, şol sanda 4G ulgamy bilen doly we giňişleýin üpjün etmegi meýilleşdirýär, ýakyn geljekde bolsa 5G ulgamyny hem hödürlemegi göz öňünde tutýar.

2. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda orta mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça birinji Olimpiada geçiriler. Olimpiada iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyr uzak aralykdan internet arkaly, ikinji tapgyr bolsa institutyň içinde geçiriler.

3. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň wekilleri Gyş akademiýasynda okuwlary tamamladylar. Okuwlar Şweýsariýada Bütindünýä söwda instituty tarapyndan geçirildi. Okuwlar üç ugur boýunça alnyp baryldy. Diňleýjileriň her biri öz hünär ugurlaryna laýyk gelýän okuw maksatnamasyny geçdiler.

4. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – ABŞ» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we ABŞ-niň Döwlet sekretary Entoni Blinken gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady we energetika hyzmatdaşlygy, howanyň üýtgemegi, şeýle hem terrorçylyga garşy göreş ýaly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

5. 50 sany «Toyota Corolla» ýeňil awtoulagy «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň düzümine girýän «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň taksiler parkynyň üstüni ýetirdi. 1-nji martdan täze awtoulaglar Ahal welaýatynyň ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlarlar.

6. Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebine Russiýadan 8 müň sany okuw kitaby gelip gowuşdy. Mekdep okuw kitaplaryny gowşurmak işleri «Bilimi ösdürmek» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. «Rossotrudniçestwonyň» Türkmenistandaky wekili Ýuliýa Zaýsewanyň bellemegine görä, okuw kitaplary RF-niň federal döwlet bilim standartyna laýyk gelýär.

7. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan kompozitory we dirižýory Klaudio Wandelliniň ýolbaşçylyk etmeginde we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti geçirildi.

Dünýäde

8. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Soçide GDA döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň bellemegine görä, mejlis 7-8-nji iýunda rus tarapynyň teklibi boýunça Soçide geçiriler. Hökümet baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alşarlar.

9. 1-nji martdan başlap, Gonkongyň häkimiýeti binalaryň içinde we açyk howada hökmany örtük dakynmak düzgünini ýatyrar. Örtük dakynmak talaby diňe lukmançylyk we käbir dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin hereket eder.

Sport habarlary

10. Garyşyk söweş sungatlary boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator 292» ýaryşynyň çäginde litwaly Julius Englikas bilen boljak tutluşygynyň öňüsyrasyndaky türgenleşigini tamamlady. Türgenleriň arasynda dereje (status) ugrundaky ýarymagyr agram derejesindäki tutluşyk 10-njy martda Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP-merkez» meýdançasynda geçiriler.

11. Türkmenistanly tennisçi gyzlar Kolombo şäherinde tamamlanan Billi Jin Kingiň Kubogy ugrundaky 16 ýaşa çenli oýunçylar üçin ýetginjekler ýaryşynda bürünç medallara mynasyp boldular. Bu ýaryşda Türkmenistana Merýem Muhammedowa, Aişa Bikbulatowa we Natalýa Martynowa wekilçilik etdiler. Pleý-off tapgyrynda Türkmenistanyň wekilleri Malaýziýanyň milli ýygyndysyndan ynamly üstün çykdylar, ýöne ýarym finalda Şri-Lankanyň tennisçilerinden asgyn geldiler. Üçünji orun ugrundaky oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Singapuryň toparyny ýeňip, bürünç medallara eýe boldular.

12. Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Aziýa kubogyna gatnaşar. Aziýanyň iň güýçli toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryş 29-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Singapurda geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine girýän basketbolçylar Litwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýärler.

Ýatlatsak, milli ýygyndy bije çekişlikde Täze Zelandiýa, Koreýa Respublikasy we Tonga Patyşalygy bilen bir hatarda «B» saýlama toparyna düşdi. Ýaryşyň esasy tapgyryna düşmek üçin türkmen basketbolçylary saýlama toparynda birinji orny eýelemelidirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň