Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň wise-premýeri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistan we Owganystan demir ýol arkaly ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak hakynda ylalaşdylar

10:3820.02.2023
0
29423

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Aşgabada gysga möhletleýin sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşgyň dowamynda BAE-niň wise-premýeri Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

2. «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystanyň Demir ýollary müdiriýetiniň wekilleri Serhetabat – Turgundy demirýol geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak hakynda ylalaşdylar. Serhetabat bilen Owganystanyň Turgundy şäheriniň arasyndaky demir ýol 1982-nji ýylda guruldy, onuň uzynlygy 5,5 km-e deňdir. Türkmenistan 2019-njy ýyla çenli bu demir ýol şahasyny doly döwrebaplaşdyryp, onuň geçirijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy.

3. Türkmenistan awtoulag arkaly Türkiýä ynsanperwer kömeginiň goşmaça tapgyryny iberdi. Ol Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogarynda bolup geçen güýçli ýertitremeden ejir çeken çagalara we olaryň maşgalalaryna gowşurylar. Dürli görnüşli ýyly geýimler we arassaçylyk önümleri ýüklenen ýük awtoulagy eýýäm Türkiýä ýetip barýar.

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli baýramçylyk dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu şähere iş saparynyň dowamynda degişli görkezmeler berildi.

5. Aşgabat Ýaponiýanyň imperatorynyň doglan güni mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi. Naruhito Ýaponiýanyň 126-njy imperatorydyr. 23-nji fewralda Onuň Alyhezretleri 63 ýaşyny doldurýar. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto çykyşynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça durnukly ösýändigini belledi. Ýaponiýa geljekde hem dürli ugurlarda boýunça, şol sanda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde tejribe alyşmagy ösdürmegi, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň hatyrasyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Dünýäde

6. Ysraýyl arheologlary Öli deňziň günorta-günbatar kenarýakasynda ýerleşýän gadymy Masada galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda seýrek duş gelýän Gadymy Rim papirusyny tapdylar. Ol biziň eýýamymyzyň 72-nji ýyllaryna degişli rim legioneriniň aýlygyny görkezýän kepilnamadyr. Tekstde iki döwür üçin tölegler we tutumlar barada jikme-jik maglumatlar beýan edilýär. Alymlar bu adamyň çykdajylary barada hem käbir maglumatlary berdiler. Şeýlelik bilen, onuň aýlygynyň bir bölegi ädik, köýnek we at iými üçin alnyp galyndy.

7. 2023-nji ýylyň maý aýynda Daşkende «Žara» festiwaly geçiriler. Bu şüweleňde HammAli & Nawai, JONY, Ýegor Krid, Emin, Ani Lorak, Mari Kraýmbreri, «Diskoteka Awariýa» we «Iwanuşki International» toparlarynyň, Olga Buzowa, Artik & Asti, Wanýa Dmitriýenko we beýleki rus estrada ýyldyzlarynyň çykyş etmekleri meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

8. Garyşyk söweş sungatlary boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow UFC çempionlarynyň köpüsiniň çykan «American Top Team» zalynda indiki tutluşygyna taýýarlanýar. «American Top Team» – MMA-nyň dünýädäki iň esasy sport zallarynyň biridir, bu ýerde dürli guramalaryň öňdebaryjy söweşijileri türgenleşdiler we henizem türgenleşýärler. Ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow bilen litwaly Julius Englikasyň arasynda ýarymagyr agram derejesinde tutluşyk 10-njy martda geçiriler.

9. Türkmen boksçysy Ygtyýar Maşaripow we Russiýanyň wekili Sergeý Makedon Moskwada geçirilen «Prawda» boks tutluşygyny deňme-deň tamamladylar. Tutluşyk üç raund dowam etdi. Eminler «kelleleriň özara çaknyşygy we boksçynyň lukman tarapyndan aýrylmagy sebäpli boksçylaryň tutluşygy dowam etdirip bilmezligi üçin» tehniki deňlik yglan edip, boksçylaryň hiç birine ýeňiş bermediler. Ygtyýar Maşaripow 28 ýaşynda, ol Daşoguz welaýatynda doglan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň