Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

22:3118.02.2023
0
93480

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, şeýle-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşlyk çäresine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şeýle-de Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanylan taslamalar, olaryň aýratynlyklary hem-de binalaryň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda şäheriň dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň, awtomenzil we awtotoplum desgalarynyň, teklip edilýän demir ýol menziliniň hem-de bu düzümlere degişli ugurdaş desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, durky täzelenilýän awtomobil ýollarynyň bölekleri, täze ýollaryň çyzgylary hem-de dürli gatly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýokary hil derejesinde alnyp barylmalydygyny, işlere häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle-de şekil taslamalar we çyzgylar babatda birnäçe belliklerini, maslahatlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri awtotoplum binalarynyň we Arkadag şäheriniň demir ýol menziliniň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, nobatdaky tapgyrda ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunda ýurduň ulag ulgamyna degişli düzümleriň işini talabalaýyk ýola goýmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugra degişli binalaryň gurluşygynda welaýatyň taryhynda görnükli yz goýan, milli binagärligiň ajaýyp nusgalary bolan taryhy ýadygärlikleriň keşbiniň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, bu babatda taryhçy alymlar, hünärmenler we ýaş taslamaçylar hem-de binagärler bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ulag ulgamyna degişli binalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigi bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek meselelerine ünsi çekip, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zaman ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şeýle-de görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy bilen bagly meselelere zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda «akylly» şäher konsepsiýasyna möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäräniň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek dabarasyna taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda girişilmeginiň wajypdygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaş binagärleriň täzeçil pikirlerine we tekliplerine ähmiýet berilmelidigi, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmelidigi, maglumat-kommunikasiýa ulgamy, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň gurulmagy, şäher ilatynyň iş üpjünçiligi bilen bagly meselelere garaldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasyna bardy. Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň esasy şaýolunyň üstünden geçýän köprüde durup, bu künjegiň gözelliklerini, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbiniň ajaýyp ýaýlalaryň tebigy aýratynlygy bilen sazlaşygyny synlady hem-de gurluşykda ekologik talaplar, milli binagärlik aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň bezeg aýratynlyklary, ýollaryň yşyklandyrylyşy, desgalaryň we binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna uly jogapkärçilik we belent ruh bilen girişmegiň wajypdygyny belläp, şol bir wagtyň özünde, gurluşygyň birinji tapgyrynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylmalydygyny aýtdy we hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň