Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi

21:4919.02.2023
0
33825
Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany kabul etdi
Surat: wam.ae

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menziline baryp, ol ýerde Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany mähirli garşylady.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, her gezek Türkmenistanda bolanynda özüni ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamlaryny we tutuş türkmen halkyna iberen hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-de Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilini Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, şeýle-de BAE-niň ähli halkyna öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň we hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi.

Gepleşikleriň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekilendigi we bu saparyň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berendigi aýdyldy.

Belent mertebeli myhman bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýylyň 11-12-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine oňyn täsiriniň bolandygyny hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ägirt uly mümkinçilikleri we özara bähbitleri bähbitleri nazara almak bilen, dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekiliniň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Şeýle-de gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn derejede hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýändigi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, durmuş desgalarynyň we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň türkmen tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege hoşniýetli sözlerini aýtdylar.

Belent mertebeli myhman Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli hoşlaşyp, Aşgabatdan ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň