Soňky habarlar

Arhiw

«Pravda» ýaryşyndaky Maşaripow ― Makedon tutluşygy deňlik bilen tamamlandy

14:4718.02.2023
0
26287

Türkmenistanly boksçy Ihtiýar Maşaripow Moskwa şäherinde geçirilen «Pravda» ýaryşynda russiýaly Sergeý Makedon bilen deňme-deň çykyş etdi.

Tutluşyk üç döw dowam etdi. Eminler boksçylaryň kelleleriniň çaknyşmagy, şol sebäpli hem olaryň biriniň lukmanlar tarapyndan ringe goýberilmändigi üçin deňlik yglan etdiler.

28 ýaşly Ihtiýar Maşaripow Daşoguz şäherinde doguldy. Onuň boýy 177 santimetre, agramy bolsa 74,8 kilograma ýetýär.

Bu tutluşyk Maşaripow üçin ilkinji halkara derejeli çykyş boldy.

«Pravda Old School Boxing» ýaryşyny Russiýanyň «Matç TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň