Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberdi

18:2718.02.2023
0
24876

Türkmenistandan awtoulag bilen Türkiýe Respublikasyna goşmaça ynsanperwerlik kömegi iberildi. Bu barada Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýlelikde, Türkiýede güýçli ýer titremesinden ejir çeken çagalara we olaryň maşgalalaryna täze bir toplum ynsanperwer kömegi barar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, dürli görnüşli ýyly eşikli ýük awtoulaglary 17-nji fewralda Türkiýä tarap ýola düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň