Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar

12:1807.02.2023
0
57664

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň we Siriýanyň ýolbaşçylary Rejep Taýyp Ärdogana hem-de Başar Al-Asada köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow hem gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdiler.

6-njy fewralda Türkiýede we Siriýada magnitudasy 7 baldan gowrak bolan birnäçe ýer titremeleri bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, aradan çykanlaryň sany 2921-e ýetdi, 14 834 adam dürli şikesleri aldy. Ýüzlerçe adam dereksiz ýiten hasaplanýar.

2. 22-nji fewralda Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda (auksion) geçiriler. Auksion döwlet eýeçiliginiň www.е.fineconomic.gov.tm sanly söwda gurşawynda we bu gurşawyň ykjam programmasy arkaly geçiriler.

3. 9-njy fewralda Türkmenistanyň çäginde garyň ýagmagyna garaşylýar. Garyň ýagmagy Gazagystanyň, Wolga sebitiniň we Uralyň çäginden sowuk howa akymynyň gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda hem gar ýagar.

4. Türkmenistanyň DIM-nde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi geçirildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Konsullyk meseleleriniň hukuk jähtlerini kämilleşdirmek ulgamynda iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda özara hereketleri we maglumat alyş gurallaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem serhet we gümrük gözegçilik-geçiş nokatlarynda netijeli dolandyryşy sazlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere seredildi.

5. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi web-saýty dörediler. Ony döretmegiň zerurlygy barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýtynda bu edaranyň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler öz beýanyny tapar. Bu saýtyň metbugat sekretarynyň wezipelerini «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarow ýerine ýetirer.

6. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirilýär. Okuwlar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Okuwyň dowamynda häzirki zaman pedagogikasynyň we pedagogik psihologiýanyň esaslaryny, okatmagyň adaty we innowasion usullaryny hem-de tehnologiýalaryny öz içine alýan wajyp meselelere toplumlaýyn seljerme berilýär.

7. Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin talyp haky maksatnamasynyň açylandygyny habar berdi. Bu maksatnama Medeni gatnaşyklar boýunça Hindi geňeşi tarapyndan goldanylýar we Hindistandaky ýokary okuw mekdeplerinde dürli okuwlary geçmäge mümkinçilik berýär.

Dünýäde

8. Golliwudyň ýyldyzy we Kaliforniýanyň öňki gubernatory Arnold Şwarsenegger Los-Anjelesde awtoulag hadysasyna uçrady. hadysa zerarly welosipedçi gyz kebir çekdi. Hukuk goraýjy edaralar welosipedçi gyzyň hereket edýän wagtynda Şwarseneggeriň awtoulagynyň öňünden birdenkä çepe öwrülendigini, şonuň üçin aktýoryň saklanyp ýetişmändigini habar berdiler. Aýal keselhana äkidildi, onuň ýagdaýynyň durnuklydygy aýdylýar. Şwarsenegger ejir çekeniň welosipedini alyp, abatlamak üçin ussahana äkitdi.

9. Gonkong 2023-nji ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, sebite girmek üçin sanjym baradaky kepilnamany talap etmeýär – indi syýahatçylarda uçmazdan 48 sagada çenli edilen PSR-barlagynyň bolmagy ýeterlikdir. Sebite girmek üçin üç ýaşdan uly syýahatçylaryň ählisi üçin barlaglar zerurdyr.

Sport habarlary

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy mart aýynda iki sany halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär. TFF ýazky türgenleşik döwründe Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin ýoldaşlyk duşuşyklary barada gepleşikleri geçirer. Niýetlenilýän garşydaşlaryň hatarynda Malaýziýa we Filippinler bar. «Her oýunda maksada okgunly oýnajak we göreşjek güýçli topar döretmegi meýilleşdirýäris. Şu maksat bilen, indiki aý ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçireris» – diýip, Türkmenistan milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow gürrüň berdi.

11. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Denis Titow Russiýanyň «Rostow» topary bilen şertnama baglaşdy. Türkmen futbolçysy bilen şertnama heniz 2022-nji ýylyň aýagynda Dondaky Rostow (Rostow-na-Dony) şäherinde gol çekilipdi. Ol Russiýanyň klub ulgamynyň ýetginjekler we ýaşlar toparlarynda çykyş eder. Titow 16 ýaşynda, ozal ol Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde futbol boýunça tälim aldy.

12. Türkmenistanly türgenler 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji martyna çenli Kuzbassda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly ikinji gyşky halkara sport oýunlaryna taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar. Oýunlara Aziýa ýurtlaryndan, Russiýadan we Belarusdan ýaş türgenler gatnaşarlar. Türkmen ýygyndysy sportuň buz üstündäki görnüşleriniň wekillerine aýratyn umyt baglaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň