Türkmenistanda döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşik geçiriler

09:4706.02.2023
0
37217

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda sagat 10:00-da Türkmenistanda döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda www.e.fineconomic.gov.tm sanly hyzmatlar gurşawynda we bu gurşawyň ykjam goşundysynda hem geçiriler.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Aşgabat şäher, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimliklerine degişli desgalar hususy taraplara satmaga hödürlenýär.

Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdanyň düzgünleri we hususylaşdyryljak desgalaryň sanawy bilen «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 6-njy ýanwardaky sanyndan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň