Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan türkmen nebitini satyn almak barada ylalaşdy, Aşgabat we Kazan göni howa gatnawy bilen birleşer, russiýaly telekeçiler 2023-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar

11:2626.01.2023
0
53832

Türkmenistanda

1. «Uzbekneftgaz» we «Petronas Çarigali» (Türkmenistan) 2023-nji ýylda türkmen nebitini Özbegistana ýerlemek maksatnamasynyň üstünde işleýärler. Daşkentde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna nebit ibermek maksatnamasyny bilelikde taýýarlamak barada ylalaşdylar. Hususan-da, gürrüň Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň kuwwatlygyny artdyrmak üçin gaýtadan işlenilmedik nebiti import etmegiň mümkinçilikleri barada barýar.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji fewraldan başlap, Kazandan Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikeldýär. 2023-nji ýylyň martynda uçuşlar hepdede iki gezek duşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.

3. Aprel aýynda Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň Lipesk oblastynyň işewürler topary geler. 40-a golaý telekeçileriň gelmegine garaşylýar. Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça iki aýdan bir gezek RF-niň islendik sebitiniň söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň ugurdaş pudakdan kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmaklary üçin Türkmenistana gelmegi barada ylalaşyk gazanyldy.

4. «Google Translate» ykjam programmasy indi onlaýn tertipde türkmen dilini hem öz içine alýar. «Google» kompaniýasy özüniň «iOS» we «Android» operasion ulgamlarynda işleýän enjamlar üçin niýetlenen «Google Translate» ykjam programmasyny kämilleşdirmegini dowam edýär. Bu gezek kompaniýa ulanyjylary türkmen dilinde we ýene 32 dilde onlaýn terjime mümkinçiligi bilen begendirmek isledi. Ýatlatsak, türkmen dili «Google Translate» ulgamynyň dilleriniň sanawyna resmi taýdan 2020-nji ýylda girizildi.

5. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Harby institutyň harby talyplary we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçylary gatnaşdylar. Muzeýiň müdiri Meretgeldi çaryýew sergä gatnaşyjylara ýüzlenip, Watan goragçylarynyň gününiň şol bir wagtyň özünde ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklarynyň taryhyny we Watana gulluk etmek ýörelgeleriniň dowamatyny alamatlandyrýandygyny belledi.

6. Türkmenistanda Gadymy Merwiň Gäwürgala şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde arheologlar tarapyndan tapylan Buddanyň heýkeliniň kellesini dikeltmek we heýkeliň bitewi keşbini emele getirmek boýunça işler başlandy. Işler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinden Türkmenistana gelen Getti muzeýiniň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar. Hünärmenler gadymy heýkeliň böleklerini öwrenerler. Soňra heýkeliň ýitirilen bölegini 3D-çap enjamy arkaly dikelderler.

Dünýäde

7. Bangladeşiň Çittagong şäheriniň kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşaýjysy dostlary bilen gizlenpeçek oýnaýardy we gizlenip, Malaýziýada peýda boldy. Oglanjyk ýük konteýnerleriniň birinde gizlendi. Dostlarynyň ony tapmagyna garaşyp otyrka, uklap galdy, oýanan wagty konteýner ýapykdy we goňşy Malaýziýa ýurduna barýan gämä ýüklenendi. Malaýziýa portunyň hünärmenleri ýükleri düşürýärkäler bikanun ýolagça gabat geldiler.

8. Russiýanyň «Aeroflot» awiakompaniýasy 16-njy fewraldan başlap, Moskwadan şanhaýa uçuşlaryň sanyny hepdede üç gezege çenli artdyrar. Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinden uçuşlar sişende, penşenbe we şenbe günleri, yzyna – çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Bu hepdede «Aeroflot» 15-nji fewraldan başlap, Moskwadan Guançjoua hem uçuşlaryň sanyny hepdede 3 gezege çenli artdyrjakdygyny yglan etdi.

Sport habarlary

9. «Ak Bars» hokkeý toparynyň we Tatarstanyň Hokkeý federasiýasynyň prezidenti Nail Maganow Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşugynyň dowamynda türkmen milli ýygyndysyny Kazanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrdy. Nail Maganow öz menejerine Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileriniň 2023-nji ýylyň 17-23-nji aprelinde GAR-da geçiriljek dünýä çempionatynyň «A» toparçasynyň üçünji diwizionyna netijeli taýýarlyk görmekleri üçin ýokary derejeli tälimçileri çekmek bilen ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.

10. Türkmen hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew «Ahala» dolanýar. Turkmeportala mälim bolan habara görä, futbolçy «Ahalyň» düzümine erkin agent hökmünde geçdi. Annadurdyýew bilen şertnama ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir. 29 ýaşly hüjümçi geljek müöwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasynda oýnamaga isleg bildirdi. Ýatlatsak, 2022-nji möwsümde «Ahal» taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy we Aziýanyň Çempionlar ligasynda oýnamaga hukuk gazandy. Annadurdyýew eýýäm 2015-2016-njy ýyllarda «Ahalyň» düzüminde çykyş edipdi. Bu toparda ol ilkinji gezek professional derejede meýdança çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň