Soňky habarlar

Arhiw

Kazan howa menzili Aşgabat bilen uçuşlaryň täzeden başlanjakdygyny habar berdi

14:3225.01.2023
0
64186

Kazan howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Kazandan Aşgabat şäherine göni uçuşlar «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 1-nji fewralda gaýtadan dikeldilýär.

2023-nji ýylyň mart aýynda uçuşlar meýilnama boýunça hepdede 2 gezek amala aşyrylar:

  • Uçarlar duşenbe güni Kazandan 00:35-de uçup, Aşgabada 05:50-de gonar;
  • Penşenbe güni Kazandan sagat 11:00-da uçan uçarlar, Aşgabat şäherine 16:25-de gonar.

Uçuşyň dowamlylygy üç ýarym sagatdyr. Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär. Türkmenistanda wagt tapawudy Moskwa bilen iki sagatdyr. Uçuş tertibi üýtgedilip bilner.

Kazandaky petek satuw bölümi:

  • metro Kozýa Sloboda, köç. Dekabristow, 85 B, ikinji gat, ofis 210M +78435005531

Iş wagty: duşenbe — anna, 09:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 12:00-dan 13:00-a çenli.

Aşgabat şäherine göni uçuşlaryň Russiýanyň iki şäherinden — Kazandan we Moskwadan amala aşyryljakdygyny ýatladýarys.

Şu wagta çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazandan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline gondy we Moskwadan uçan uçarlar bolsa Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde kabul edildi.

2022-nji ýylyň dekabryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň