Bangladeşli oglanjyk bütin dünýäde meşhur boldy. Ol dostlary bilen «bukuldym» oýnaýarka, ýük daşalýan konteýnerde gizlendi we Malaýziýa baryp düşdi diýip, «Habar 24» ýazýar.
Ony Malaýziýanyň Klang portunyň işgärleri ýük düşürýärkä tapdylar. Fahim atly oglanjyk konteýnerde uklap galandygyny gürrüň berdi. Ol kömege çagyrypdyr, emma hiç kim sesini eşitmändir. Oglanjyk konteýnerde alty gününi geçiripdir.
Ony tapdan düşendigi üçin hassahana ýerleşdirdiler. Häzir çaganyň janyna howp abananok.
Oglanjygy golaý günlerde öýlerine ibererler.