«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasynda elektron petekleri yzyna tabşyrmak üçin penjire açyldy

14:2819.01.2023
0
79207

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky esasy howa gatnawlarynyň baş gullugynda elektron uçar peteklerini yzyna gaýtarmak üçin aýratyn penjire açyldy.

Käwagt «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçylary internet arkaly satyn alan petegini yzyna gaýtarmaly bolýarlar. Internetden petegi seýrek satyn alýan adamlar şeýle petegi yzyna gaýtaryp bolmajakdygyna ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, bu nädogry pikirdir. Petegi yzyna tabşyrmak gaty köp wagt talap etmeýär. Onlaýn satyn alnan petegi yzyna gaýtarmak üçin, onuň kagyz nusgasynyň bolmagy hökman däldir. Petegi yzyna tabşyrmak üçin awiakompaniýanyň kassasynda ýörite blankany doldurmaly we aşakdaky maglumatlary görkezmeli:

  • Petegi satyn alan şahsyň familiýasy we ady;
  • pasport belgisi;
  • awiakompaniýanyň hasaba alyş ulgamyndaky bron we petek belgisi;
  • uçuş belgisi we gidýän şäheri;
  • gidýän senesi;
  • bank kartynyň maglumatlary.

Arza tabşyranyňyzdan soň, awiakompaniýanyň serişdeleri yzyna gaýtarmak we geçirmek baradaky kararyna garaşmaly. Yzyna gaýtaryp bermek, takmynan, bir hepdäniň dowamynda işlenýär.

Maliýe serişdeleri belli bir ýagdaýa baglylykda doly ýa-da bölekleýin yzyna gaýtarylyp bilner.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy www.turkmenistanairlines.tm-den başga ýerlerden satyn alnan howa petekleriniň puluny yzyna gaýtaryp bermeýär.

«Türkmenhowaýollarynyň» Aşgabatdaky salgysy: Oguzhan köçesi, 211-nji jaý.

Şeýle hem anketany aragatnaşyk kärhanasyna onlaýn görnüşinde-de iberip bolýar. Doldurylan anketany «info@turkmenistanairlines.tm» salgysyna ibermeli.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň