«Turkmenistan Airlines» programmasynda elýeterli awiapetekleriň sanawyny görmek mümkinçiligi döredildi

23:3201.01.2023
0
66481

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ykjam programmasy üçin täzelenme ýaýratdy. Programmanyň täzelenen görnüşi häzirki wagtda iOS we Android enjamlary üçin elýeterlidir.
Programmanyň täzelenen görnüşinde awiapetekleriň elýeterli sanawyny görmek mümkinçiligi bar. Elýeterlilik hakyky wagtda görkezilýär we saýlanan senede bar bolan orunlaryň sanyna laýyk gelýär. Hyzmat diňe bir maglumat almaga däl-de, iň ýakyn kassa gitmezden 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna petek satyn almaga hem mümkinçilik berýär.

Töleg «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly amala aşyrylýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Abu-Dabä (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu ugurlar boýunça petekleriň satuwy elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň