Hindistanly suratkeş we heýkeltaraş Sudarsan Pattnaik ýurduň gündogaryndaky Odiş ştatynyň Gopalpur şäherinde çägeden hem-de pomidordan Aýazbabanyň äpet heýkelini ýasady. Oňa boýy 8,2 metr we ini 18,2 metrlik heýkeli ýsamaga şägirtleriniň 15-si kömek etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Pomidor Santa dünýäde Santa-Klausyň pomidordan we çägeden ýasalan iň uly şekilidir. Oňa Odişdäki Gopalpur suwa düşülýän kebarýakada pomidoryň 1,5 tonnasy sarp edildi. Bu heýkeliň boýy 8,2 metr, göwrümi 18,2 metre deň. Meniň şägirtlerim ony ýasamak üçin yhlas etdiler. Bagtly Roždestwo bilen!» diýip, suratkeş sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.
Heýkeli görmäge gelýänler köp. Pattnaik öň hem şeýle heýkelleriň ençemesini ýasapdyr, olaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdir.
Şeýle-de okaň:
- Datly «arçalar»: süýjüligiň ýeňil taýýarlanyş usullary
- Gar ýagýar: Gyşyň güni çagany daşarda nähili aýlamaly
- 2023-nji ýylyň täleýnamasy: Gündogar senenamasy we ýyldyzlar boýunça