Top.Mail.Ru

Arhiw

Seulda yşyk baýramy geçirildi

12:3123.12.2022
0
21196
Seulda yşyk baýramy geçirildi
Surat: m.k-odyssey.com

Günorta Koreýanyň paýtagtynyň Kwanhwamun baş meýdançasynda golaýlap gelýän katolikleriň Roždestwo hem-de Täze ýyl baýramynyň hormatyna yşyk baýramçylygy badalga aldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Baýramçylyk meýdançasynda dört sany zolak ýerleşýär. Olaryň birinjisinde gara aýnalaryňdyr yşykdiodlarynyň kömegi bilen deňiz we gämi-pyşbaga şekillendirilipdir. Ikinji zolakda 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşany aňladýan 12 metrlik fonar bar, üçünji zolak yşykdiod çyralar bilen bezelen baglykdyr, dördünji zolak «Seula hoş geldiňiz» diýlen ýazgydyr.

Yşyk festiwalynyň dowam edýän günlerinde bu ýerde ýarmarka guralar, onda telekeçileriň 50-ä golaýy öz el işlerini hödürlärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň