Top.Mail.Ru

Awstraliýalylar Roždestwo baýramyna 66 milliard dollar sarp etmekçi

14:2313.12.2022
0
14028
Awstraliýalylar Roždestwo baýramyna 66 milliard dollar sarp etmekçi
Surat: whatsonblog.melbourne.vic.gov.au

Awstraliýalylar öňdäki Roždestwo baýramyny garşylamaga eýýämden taýýarlyk görüp başladylar. Söwda merkezlerinde ýurtda hümmetsizlenmäniň ýokarlanýandygyna garamazdan, uzyn nobatlar ünsüňi çekýär, adamlar Täze ýyl baýramyny oňat garşylamak üçin tygşytlamak islemeýärler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Seljerijileriň bahalaryna görä, awstraliýalylar bu ýyl baýramçylyga 66 milliard dollardan hem köp pul harçlarlar. Bu geçen ýyldakydan iki milliard köpdür. Adatça baýramçylyklaryň öňýany iri riteýlerler uly arzanlaşyklary geçirýärler, bu bolsa müşderilere tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýyl ýerli ilatyň sap ediş çykdajylary rekord derejä çykdy.

Şol bir wagtda geçen oktýabr aýynda Awstraliýada hümmetsizlenme 32 ýylda iň ýokary derejä ýetdi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň