Liwanda daşky gurşawyň arassaçylygy ugrunda göreşýärler, şonuň üçin bu ýerde ýaşyl plastikden ýasalan Täze ýyl arçasyny gurnadylar. Ony taýýarlamak üçin ýurduň dürli ýerlerinden ýygnalan 80 müň töweregi plastiki çüýşeler peýdalanyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Adaty bolmadyk arça «Köldäki Roždestwo» atly festiwala gelýänleriň ünsüni çekýär. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu tutum zibili saýlamagyň hem-de galyndylary gaýtadan işlemegiň möhümdigini görkezmek maksady bilen guraldy.
Şeýle-de okaň: