Turkmenportal logo
13.12.22
1891318913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildiSurat: japantimes.co.jp

Nýu-Ýorkuň merkezinde Aýazbabalaryň däp bolup gelýän ylgaw ýaryşy geçirildi, Täze ýyl jadygöýüniň egin-eşigini geýnen ýüzlerçe adam geçen ýekşenbede şäheriň Manhetten etrabynda ýygnandy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Bu şatlykly çäre «Santa-Kon» diýlip atlandyrylýar. Her ýylky dabara katolikleriň Roždestwo baýramynyň (25-nji dekabr) öňüsyrasynda guralýar. Oňa islän adam gatnaşyp bilýär, munuň üçin ak ýakaly açyk-gyzyl possun geýmek ýeterlikdir. Şeýle çäre ilkinji gezek San-Fransisko şäherinde 1994-nji ýylda geçirilipdir.


Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçen hepdede Berlinde hem boldy, ýagny 900 adam Santa-Klauslaryň 13-nji ylgaw ýaryşyna gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylara 2,4, bäş we on kilometrlik aralygy saýlamaga rugsat berildi. Ýaryş tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylaryň ählisini gyşky glintweýn içgisi hem-de Aýazbabanyň şekilindäki şokolad bilen hezzetlediler.


Öň şeýle çäre Ýaponiýada hem geçirildi.