Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Awazada» ýörite wiza tertibini girizmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini, şeýle hem her bir ýaşaýjy üçin ýaşaýyş jaýynyň göwrümini artdyrmak meýilleşdirilýär

10:4426.11.2022
0
42479

1. Türkmenistana syýahatçylary çekmek üçin Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýörite wiza tertibini girizmek meýilleşdirilýär. Bu başlangyç dynç alyş zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen öňe sürüldi.

2. Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meselesine garalar. Şeýle teklip bilen milli parlamentiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. «Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow milli pulumyzy erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döreýändigi hakyndaky meseläni hem gozgady. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýädäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky soragyň ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

4. 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu maksatlary durmuşa geçirmek üçin 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar.

5. Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda «Elektronika dünýäsi» atly elektronika enjamlarynyň we hojalyk tehnikasynyň dükanynyň açylyş dabarasy geçiriler. Açylyş dabarasy mynasybetli 31-nji dekabra çenli alyjylar üçin: ähli harytlara 20% arzanladyş, «ýok ediş» aksiýasy, şeýle hem her bir alyjy üçin ýakymly sowgatlar garaşýar. Dükanyň ýanynda «Tehnika dünýasi» hyzmat ediş merkezi açyldy, bu ýerde islendik tehnikanyň abatlamak işlerini geçirmek mümkindir.

6. «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýurtda hususy notariaty ösdürmegiň hukuk binýady goýuldy. Türkmenistanda notariat — bu notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan, notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama esasynda notarial işini amala aşyrýan hususy notariuslardan we ygtyýarly wezipeli adamlardan ybarat bolan ulgamdyr.

7. Türkmenistandaky mebel önümçiliginiň öňdebaryjysy bolan «Aýbölek» kärhanasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurduň bilim edaralary üçin mebelleriň ähli görnüşleriniň önümçiligi boýunça yglan edilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, «Aýbölek» mebel kärhanasy umumy bahasy 38 million manat bolan dürli görnüşli mebel önümleriniň 33 300 sanysyny taýýarlar we ýerlär.

8. Aşgabadyň demir ýol menzilinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ýurduň hususy syýahatçylyk kompaniýalary tarapyndan guralan synag taslamasy boýunça syýahatçylyk otlusy ugrady. Syýahatçylyk ugry Daşogzuň gözel künjekleri we Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri bilen tanyşlygy öz içine alýar. Syýahatyň maksady syýahatçylyk ugruny işläp düzmekden ybaratdyr. Synag taslamasynyň ilkinji gatnaşyjylary medeniýet we bilim ulgamynyň, ýurduň hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat ýetmişden gowrak adamdyr.

9. Niderlandlardaky Lukmançylyk merkeziniň alymlary ýürek üçin irdenki maşklaryň agşamka görä, has peýdalydygy hakynda netijä geldiler. Irden sport bilen meşgullanýanlaryň ýüregiň işemiýa keseli bilen kesellemek töwekgelçiliginiň 11-16%, insultyň bolsa 17% azalýandygy ýüze çykaryldy. Agşamky türgenleşik bolsa şähdiňi açmaga we myşsalary ösdürmäge ýardam edýär.

10. «Apple» dünýäniň iň baý futbol topary etmek üçin «Mançester Ýunaýtedi» satyn almagy meýilleşdirçýär. Ozal toparyň eýeleri Joel we Awraam Gleýzerler ýolbaşçylar geňeşine topary satmak ýa-da täze maýadarlar bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça maslahat geçirmegi tabşyrypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň