2023-nji ýylda Türkmenistanda kişi başyna düşýän ýaşaýyş meýdany 23,4 inedördül metre ýetiriler

20:4624.11.2022
0
26286

Türkmenistanda 2023-nji ýylda her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşinniň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu guramanyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Çykyşda hem aýdylyşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň