Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler

12:2905.09.2022
0
25280

1. Türkmenistanyň Hökümeti Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

2. Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Inženerçilik desgalarynyň işe girizilmegi bilen, Aşgabat şäheriniň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym we ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçilikleri üpjün edilýär.

3. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

4.Türkmenistanda Ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Sungatyň ýaş wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de degişli Diplom gowşuryldy.

5. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki rus-türkmen mekdebinde “Ýeňiş Beýannamasy” halkara çäresi geçirildi. Çärä gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşunyň wakalaryna degişli 25 sany sowala jogap berdiler. Test-barlaglarynyň ýerine ýetirilmegi 45 minutlap dowam etdi. Bu halkara derejesindäki çärä 11-nji synp okuwçylaryň 90-dan gowragy gatnaşdy.

6.«Nokia» taryhda kompaniýanyň ekologiýa taýdan iň arassa önümini tanyş etdi. Bu enjamyň alýumin çarçuwasynyň tutuşlygyna gaýtadan işlenen metaldan, yzky gapagynyň 65 göteriminiň gaýtadan işlenen plastikden ýasalandygy aýdylýar. Smartfonyň gaby hem 70 göterim gaýtadan işlenen kagyzdan ýasalandyr.

7. Taryhda ilkinji gezek kosmosda surata düşürilen «Garşylyk» atly çeper film 2023-nji ýylyň ýazynda köpçülikleýin görkeziler. Baş keşpde rus aktrisasy Ýuliýa Peresildiň surata düşen hem-de Klim Şipenkonyň režissýorlyk eden kosmos dramasyna ilki 905 million we soňra «Baýkonur» kosmodromyndaky görnüşleri surata almak üçin 250 million rubl sarp edildi.

8. Türkmenistan abraýly halkara sport guramalary, hususan-da Bütindünýä dopinge garşy agentligi (BDGA) we Halkara sport lukmançylyk federasiýasy (HSLF) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenýär.

9. Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow häzirki günlerde Awstriýanyň Oberwarte şäherinde geçirilýän çempionatda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýeňiş gazandy. Ol deslapky tapgyrda fransiýaly Seýma Lueti, slowakiýaly Mateýem Polýaky we niderlandly Iwo Werhosteri ýeňmegi başardy. Türkmen türgeni ýarym finalda Aýbolat Ystybaýdan, finalda bolsa gazagystanly Ýermek Amangeldiden üstün çykyp baýrakly orna eýe boldy.

10. Dzýudo boýunça geçirilýän Ýewropanyň Açyk çempionatynda Türkmenistan üçin nobatdaky medaly Hakberdi Jumaýew gazandy. 23 ýaşly türgen 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ol final tutluşygynda fransiýaly Riçard Wergnesden üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň