Turkmenportal logo
03.09.22
3827438274
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň çempiony boldy
Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň çempiony boldy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Ýewropanyň açyk çempionatynda ikinji altyn medalymyzy gazandy. Ol Awstriýanyň Oberwarte şäherinde geçirilýän çempionatda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.


Deslapky tapgyrda fransiýaly Seýma Lueti, slowakiýaly Mateýem Polýaky we niderlandly Iwo Werhosteri ýeňen türkmenistanly dzýudoçy ýarym finalda we finalda gazagystanly dzýudoçylar bilen tutluşdy. Has takygy, ol ýarym finalda Aýbolar Ystybaýy, finalda bolsa ýermek Amangeldini ýeňdi.


23 ýaşly dzýudoçynyň awgust aýynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.


Ýewropanyň açyk çempionatyna Türkmenistandan 28 dzýudoçy wekilçilik edýär. Olaryň 16-sy erkekler, 12-si zenanlardyr. Çempionatdaky ilkinji altyn medalymyzy 60 kilograma çenli agram derejesinde Hakberdi Jumaýewiň gazanandygyny ýatladýarys.