Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirmäge ýazylmak üçin orunlaryň sanyny artdyrdy, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda iş orny döredildi, «Türkmenpoçta» bütin dünýä ýurtlary boýunça ýük daşamalaryny amala aşyrýar

10:0309.06.2022
0
7175
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirmäge ýazylmak üçin orunlaryň sanyny artdyrdy, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda iş orny döredildi, «Türkmenpoçta» bütin dünýä ýurtlary boýunça ýük daşamalaryny amala aşyrýar

1. Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza resmileşdirmek boýunça resminamalary tabşyrmaga ýazylmak üçin wagtlaýyn orunlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Russiýa Federasiýasyna dürli derejeli wiza resmileşdirmek boýunça islegleriň barha artýandygyny göz öňünde tutup, konsullyk bölümi her günki ýazgy ýerleriň sanyny 10-dan 25-e çenli köpelder.

2. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy goragçy wezipesiniň açylandygyny mälim etdi. Saýlanyşyga gatnaşmak üçin 25-35 ýaş aralygyndaky dalaşgärler çagyrylýar. Arza bilen gysgaça maglumatnama 20-nji iýuna çenli iş tejribäňiz hem-de bilim derejäňiz görkezilmek bilen, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ibermelidir.

3. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýerleşýän bölümçesi poçta hyzmatlarynyň köp dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem tizleşdirilen poçtalary, ýollamalary, banderollary, hatlary, dürli ýükleri ibermek mümkindir.

4. «SOCAR-yň» wise-prezidenti Elşad Nasirow «Dostluk» taslamasynyň çäklerinde ýakyn wagtda Türkmenistanda bu nebit kompaniýasynyň bölümçesini we ofisini açylmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

5. TDH-nyň fotohabarçysy Wýaçeslaw Sarkisýanyň «Talyp gyzlar» atly işi Çehiýanyň fotosurat jemgyýetiniň abraýly «PhotoArt PRAGUE» halkara fotosalonynyň altyn medalyna mynasyp boldy. «Talyp gyzlar» fotosuraty Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda düşürildi.

6. Özbegistanda syýahatçylar üçin koronowirus pandemiýasy sebäpli girizilen ähli çäklendirmeler aradan aýrylýar. 10-njy iýundan başlap daşary ýurtly syýahatçylardan koronowirusyň PSR barlagynyň netijenamasyny, koronawirusyň antigenleriniň ekspress barlagyny we sanjym alandygy hakynda kepilnamany ýa-da COVID-19 pasporty görkezmegi talap edýän düzgünler ýatyrylar.

7. Meksikada düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň açylyş dabarasy dowam edýän wagty asma köpri ýumruldy. Adamlar desganyň abatlanan bölegine çykan wagtlary, ol ýykyldy. Heläkçiligiň netijesinde ondan gowrak adam, şol sanda şäheriň häkimi we onuň aýaly şikes aldylar.

8. 11-18-nji iýun aralygynda Leon şäherinde (Meksika) geçirilek agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty-2022-ä gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň erkekler we aýallar düzümi mälim edildi. Erkekler we aýallar 20 sany agram derejesi boýunça uly hem-de kiçi medal ugrunda bäsleşerler. Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistana 8 türgen wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň