Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ilçihananyň goragçysy wezipesi üçin iş ornunyň bardygyny mälim etdi.
Işe kabul edişlige şu hili bilimleri we başarnyklary bolan 25-35 ýaş aralygyndaky dalaşgärler gatnaşyp bilerler:
- Doly tamamlanan orta mekdep bilimi;
- Rus hem-de türkmen dillerini suwara bilmek we iňlis diline hem gepleşikde erk etmek;
- Goragçylyk işinde azyndan 5 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy;
- Fiziki hem-de akyl taýdan sagdyn bolmak.
Goragçynyň wezipe-borçlaryna girýän aýratynlyklar:
- Gurşawy goramak, gelip-gidýänlere gözegçilik etmek, elektron enjamlara seretmek;
- Goraglylyk bilen bagly ýüze çykyp biljek islendik meseleleri çözmek.
Iş wagty: 8-10 sagat. Iş ýeri: Ilçihananyň rezidensiýasy (iş binasy).
Arzalary rezýumeler bilen bilelikde, şeýle-de iş tejribesini we bu babatdaky bilim-başarnyklaryny görkezmek bilen, iýun aýynyň 20-sine çenli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ibermelidir.
Ilçihananyň salgysy: Aşgabat ş., Ýunus Emre köçesi, 1-nji jaý, Halkara işewürlik merkezi, 80-nji poçta bukjasy. Iş günleri sagat 09:30-dan 13:00-a hem-de 14:00-dan 18:00-a çenli işleýär.
Telefon belgileri: 456152; 456153;
Elektron poçtasy: hoc.ashgabat@mea.gov.in / admn.ashgabat@mea.gov.in