Turkmenportal logo
08.06.22
4327843278
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş ornuny yglan etdi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Ilçihananyň goragçysy wezipesi üçin iş ornunyň bardygyny mälim etdi.


Işe kabul edişlige şu hili bilimleri we başarnyklary bolan 25-35 ýaş aralygyndaky dalaşgärler gatnaşyp bilerler:


  • Doly tamamlanan orta mekdep bilimi;
  • Rus hem-de türkmen dillerini suwara bilmek we iňlis diline hem gepleşikde erk etmek;
  • Goragçylyk işinde azyndan 5 ýyllyk iş tejribesiniň bolmagy;
  • Fiziki hem-de akyl taýdan sagdyn bolmak.

Goragçynyň wezipe-borçlaryna girýän aýratynlyklar:


  • Gurşawy goramak, gelip-gidýänlere gözegçilik etmek, elektron enjamlara seretmek;
  • Goraglylyk bilen bagly ýüze çykyp biljek islendik meseleleri çözmek.

Iş wagty: 8-10 sagat. Iş ýeri: Ilçihananyň rezidensiýasy (iş binasy).


Arzalary rezýumeler bilen bilelikde, şeýle-de iş tejribesini we bu babatdaky bilim-başarnyklaryny görkezmek bilen, iýun aýynyň 20-sine çenli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ibermelidir.


Ilçihananyň salgysy: Aşgabat ş., Ýunus Emre köçesi, 1-nji jaý, Halkara işewürlik merkezi, 80-nji poçta bukjasy. Iş günleri sagat 09:30-dan 13:00-a hem-de 14:00-dan 18:00-a çenli işleýär.


Telefon belgileri: 456152; 456153;


Elektron poçtasy: hoc.ashgabat@mea.gov.in / admn.ashgabat@mea.gov.in