Turkmenportal logo
08.06.22
2618426184
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan syýahatçylar üçin ähli çäklendirmeleri aýyrdy
Özbegistan syýahatçylar üçin ähli çäklendirmeleri aýyrdy

Özbegistan syýahatçylar üçin ozal koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda girizilen çäklendirmeleriň ählisini ýatyrýar. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilligi metbugat beýanatynda ýazýar.


10-njy iýundan başlap, Özbegistanyň çägine ulaglaryň dürli görnüşleri — howa gatnawy arkaly we demir ýol ulaglary bilen girmek mümkinçiligi we saglyk çäklendirmeleri açylar.


Şeýle-de, indiden başlap ýurtda daşary ýurtdan gelýänlerden koronawirus barlagynyň otrisatel netijesi, ekspress barlag, PCR barlagy, bu babatdaky şahadatnama ýa-da pasport talap edilmez.


Bu hili çözgüdiň Özbegistanda koronawirusyň ýaýramagynyň depgininiň, şeýle hem ýurtdaky epidemiologiki ýagdaýa, BSGG-niň we Syýahatçylyk we medeni miras ministrliginiň tekliplerine esaslanyp kabul edilendigi bellenilýär.