Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

12:0008.06.2022
0
5597

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýaryş 11 — 18-nji iýun aralygynda Meksikanyň Leon şäherinde geçiriler.

Dünýä çempionatyna Türkmenistan 7 türgen wekilçilik eder. Olaryň dördüsi gyzlar, dördüsi oglanlardyr.

1. Ogulşat Amanowa, 45 kilograma çenli agram derejesi;

2. Gülälek Kakamyradowa, 59 kilograma çenli agram derejesi;

3. Medine Amanowa, 59 kilograma çenli agram derejesi;

4. Änamjan Rustamowa, 81 kilograma çenli agram derejesi;

5. Perhat Bagtyýarow 55 kilograma çenli agram derejesi;

6. Saparly Muhyýew 96 kilograma çenli agram derejesi;

7. Surajbek Sapaýew 96 kilograma çenli agram derejesi.

Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly agyr atletikaçylaryň ählisi birinji uly derejäniň eýeleridir.

Milli wekiliýetimize Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedow ýolbaşçylyk eder. Bu toparyň düzüminde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili hem bolar. Gülnara Ýollyýewa emin hökmünde türkmen toparyna wekilçilik etse, Ahmet Saryýew bilen Gurbandurdy Amanow ýetginjekler ýygyndymyzyň tälimçileri hökmünde ýaryşa gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň