Kazan bilen Türkmenabady göni howa gatnawy birleşdirdi

15:2502.06.2022
0
18698

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary Kazandan Türkmenabat şäherine ugrady. Ozal bu şäherleriň arasynda yzygiderli göni howa gatnawlar ýokdy.

Onlaýn tagtanyň habar bermegine görä, T5 738 uçary 19:07-de (Moskwa wagty bilen) uçup, 22:10-da Türkmenabat şäherine geldi. Uçuş wagty takmynan 3 sagat boldy.

Kazan — Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawy üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary çarşenbe güni 1A terminalyndan uçar. Uçuş Kazandan ýerli wagt bilen 18:30-da Türkmenabada tarap ýola düşer.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň