Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda galla oragyna girişiler, Daşoguzda 450 orunlyk hassahana ulanmaga berildi, Ýagşymyradowyň «Bellator» bilen şertnamasynyň çäklerindäki soňky duşuşygy, Petronas maliýe amallary boýunça hünärmen gözleýär we beýleki habarlar

09:4828.05.2022
0
9537
Türkmenistanda galla oragyna girişiler, Daşoguzda 450 orunlyk hassahana ulanmaga berildi, Ýagşymyradowyň «Bellator» bilen şertnamasynyň çäklerindäki soňky duşuşygy, Petronas maliýe amallary boýunça hünärmen gözleýär we beýleki habarlar

1. 3-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna girişiler. Üstümizdäki ýylda 690 müň gektar ýerden 1,4 million tonna galla hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

2. Daşoguzda 450 adama niýetlenen köpugurly hassahananyň açylyş dabarasy boldy. 4 gatly toplum 7 bölümden ybaratdyr. Bu ýerde ýöriteleşdirilen bölümleriň 32-si we öz gan banky hereket edýär.

3. 29-31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler. Sergä gatnaşmak üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, telekeçiler, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de raýatlar çagyrylýar.

4. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Gyýanlyda maliýe amllary boýunça hünärmeniň iş ornunyň açylandygyny mälim etdi.

5. Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi «Hemme zat bolup biler» filminiň awtoryny kabul etdi. «Tagore International Film Festival» (TIFF) halkara kinofestiwalynda «Aýyň iň gowy kiçigöwrümli filmi» ugry boýunça ýeňiji bolan «Hemme zat bolup biler» filminiň režissýory Myrat Mollaýew Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair tarapyndan kabul edildi.

6. Döwletjan Ýagşymyradowyň «Bellator» bilen şertnamasynyň çäklerindäki ýekeje duşuşygy galdy. Ýakyn günlerde geçiriljek başa-baş söweş türkmenistanly türgeniň gurama bilen şertnamasynyň çäklerindäki ahyrky duşuşygy bolar. Ondan soň ol ýa «Bellator» bilen täze şertnama baglaşar, ýa-da başga hemaýatkär kompaniýanyň düzüminde çykyş eder.

7. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dostluk duşuşygynda Tailandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşyk 27-nji maýda Sisaket etrabyndaky «Şri Nakhon Lamduan» stadionynda geçirildi.

8. Şu gün Aşgabat wagty bilen 23:55-de Pariž şäherinde UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler. Ykbal çözüji oýunda Angliýanyň «Liwerpuly» we Ispaniýanyň «Real Madridi» güýç synanyşarlar. Duşuşygy «Matç TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.

9. Alymlar ýere meňzeş planetany açdylar. Täze ekzoplaneta Gawaýýi adalarynda «Subaru» teleskopynyň kömegi bilen ýüze çykaryldy. Bu planeta bizden 36,5 ýagtylyk ýyly uzaklykda kiçijek öçügsi ýyldyzyň töwereginden aýlanýar.

10. «Gucci» modalar öýi ýürek urgusyny we ukynyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy başarýan akylly ýüzügini tanyşdyrdy. Ýüzügiň içki tarapy bedeniň dürli ýagdaýlaryny gözegçilikde saklaýan birnäçe datçikler bilen üpjün edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň