Soňky habarlar

Arhiw

«Awazada» dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabra çenli dowam eder, «Arçman» şypahanasynda täze ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär, golf boýunça Aşgabadyň çempionlary yglan edildi we beýleki habarlar

10:4509.05.2022
0
25783

1. Şu ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi 15-nji maýdan 1-nji sentýabra çenli dowam eder. Syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen Dolandyryş merkezi tarapyndan alnyp barlar.

2. «Arçman» şypahanasynyň çäginde 200 ýa-da 400 adama niýetlenen bina gurmak arkaly onuň mümkinçiliklerini artdyrmak meýilleşdirilýär.

3. Türkmenistanda golf boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi. Bäsleşik 5-7-nji maý aralygynda dört sany ýaş aýratynlygy boýunça alnyp baryldy. Iň ýaş çempion hökmünde Döwletmyrat Aýdaşew saýlanyldy, uly ýaşlylaryň arasynda bolsa Elina Belikowa birinji orny eýeledi.

4. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 4-nji maýda kanunçylyk ulgamyna Mejlis tarapyndan girizilen üýtgeşmeleri goldady. Üýtgeşmeler «Administrtiw hukuk bozulmalary hakynda» Türkmenistanyň Kodeksine, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýlekilere girizildi. Ähli Kanunlar döwlet Baştutanymyzyň gol çekmegi bilen merkezi metbugatda çap ediler.

5. Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlar hatyralandy. Şu gün «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi. Şu ýyl ýurdumyzda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy bellenilýär.

6. Floridaly pensioner aýal özüniň 100 ýaş ýubileýini paraşýutdan bökmek arkaly belledi. Ol özüniň örän gorkandygyny, bu böküşiň bolsa ilkinji we iň soňky gezek bolandygyny belledi.

7. «Apple» kompaniýasy iPhone 4S ykjam telefonunyň ulanyjylaryna öwezlik tölegi hökmünde $20 mln amerikan dollaryny bölüp aýyrdy. 2015-nji ýylda iOS operasion ulgamynyň 9-njy nesliniň ornaşdyrylmagy bilen bu enjamyň işi örän haýallady. Her bir ulanyjy öndürijiden $15 möçberinde töleg alar. Ony almak üçin sarp edijiler iPhone 4S-e iOS 9 ýa-da onuň islendik nusgasyny ýükländikleri, enjamyň örän pes öndürijilik görkezýändigi hakynda arza bermelidirler.

8. Aziýanyň futbol konfederasiýasy 2023-nji ýylda geçiriljek guramanyň ýolbaşçysynyň saýlawlarynda FIFA-nyň häzirki prezidenti Janni Infantinony goldar. Guramanyň prezidentiniň saýlawlary 2023-nji ýylda FIFA-nyň 73-nji kongresiniň çäklerinde geçiriler.

9. 2022-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýanyň futzal boýunça toparlaýyn çempionaty bu ýaryşa eýeçilik etmeli döwletiň boýun gaçyrmagy bilen ýatyryldy. AFK-nyň kubogy ugrunda ýaryşa Türkmenistanyň futzal ligasynyň häzirki çempiony bolan «Deňizçi» topary gatnaşmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň