Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Belarusda galan raýatlaryny getirer, Aşgabatda ýol hereketiniň düzgünleriniň gödek bozulma ýagdaýlary ýüze çykaryldy, Russiýa bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy we beýleki täzelikler

10:0708.04.2022
1
15868
Türkmenistan Belarusda galan raýatlaryny getirer, Aşgabatda ýol hereketiniň düzgünleriniň gödek bozulma ýagdaýlary ýüze çykaryldy, Russiýa bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30  ýyl boldy we beýleki täzelikler

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8-nji aprelde Belarus Döwletinden türkmen raýatlaryny alyp gaýtmak üçin ýörite uçuş amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Minskiden Türkmenbaşa T5784 belgili gatnaw Boeing 737-800 howa gämisi arkaly ýerli wagt bilen 18:30-da amala aşyrylar.

2. Aşgabatda G,Kuliýew, Andalyp we Gurbansoltan eje şaýollarynda köp sanly ýol hereketiniň düzgünleriniň gödek bozulma ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Barlaglaryň netijesinde ýoluň sagatda 60 kilometr tizlige rugsat berlen böleginde tizlik babatda düzgünleriň gödek bozulmalarynyň 32 ýagdaýy bellige alyndy.

3. Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowa iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Hatda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki köp sanly ugurlarda işjeň ösdürilýär.

4. Älem TV hemra aragatnaşyk operatory türkmen müşderilene Vip we Sada bukjalarda Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň meşhur teleýaýlymlarynyň 125-sini gije-gündizleýin tomaşa etmek mümkinçiligi hödürleýär. Ýyllyk abuna birikdirilen ýagdaýynda operator bonus hökmünde 1 aý sowgat edýär.

5. Aşgabatda ejiz zenanlary we ýetginjekleri goldamak boýunça çäre geçirildi. Duşuşyga hususy toplumdan, giň jemgyýetçilikden, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalardan, şeýle hem žurnalistlerden we blogerlerden jemi 60 sany wekil gatnaşdy. «Ejizlik — bu sosial hadysa, ondan gaçyp gutulmak mümkin däl» - diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso belledi.

6. Türkmenistanly el hünäriniň ussady Gülälek Babakulowa milli lybaslarda gurjaklaryň täze kolleksiýasyny döretdi. Bu kolleksiýa Oguz han we onuň alty sany ogly girdi. Turkmenportalyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde ussat zenan özi barada gürrüň berdi we döredijilik meýillerini paýlaşdy.

7. Türkmenistanyň futbol boýunça wise-çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny 1:1 hasap bilen tamamlady. «Ahal» «Şabab Al-Ahli» bilen duşuşygynda hasaby birinji bolup açsa-da, artykmaçylygy saklap bilmedi. Türkmen toparynyň düzüminde goragçy Abdy Bäşimow tapawutlandy.

8. Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Lýuksemburgda geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandy. Türkmen topary birinji ýarymda iki şaýba utulyp gelýändigine garamazdan, Taýwanyň ýygyndysyny 4:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Jemleýji duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysy Türkiýäniň ýygyndysy bilen duşuşar.

9. Marvel Studios Benedikt Kamberbetçiň baş rolda düşmeginde «Doktor Strenj: paýhassyzlygyň multi äleminde» filminiň täze tizerini hödürledi. Sýužete görä, doktor Strenj howply başdan geçirmeleriniň barşynda özüniň başga wersiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolar we olary aradan aýyrmaga çalşar.

10. Meşhur britan aýdymçysy Ed Şiran edebi ogrulyk baradaky kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Aýdymçy Shape of you trekini ýazanynda awtorluk hukugyny bozmakda aýyplanylypdy. Şikaýatçylar Sami Switçiň we Ross O’Donohýunyň pikirine görä, Şiran aýdymynyň gaýtamalasyny Oh Why kompozisiýasyndan alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň