Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda «Şabab Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

03:1308.04.2022
0
8563

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary şu gün taryhynda AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» topary bilen geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, «Ahal» yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynda geçiren ilkinji duşuşygynda ilkinji utugyny gazandy.

Dünýäniň köp sanly futbol hünärmenleri tarapyndan Dubaý şäheriniň topary duşuşygyň rüstem tarapy hökmünde görkezilýärdi. Ýöne «Ahalyň» baş tälimçisi Röwşen Muhadowyň duşuşykdan bir gün öň geçirilen metbugat maslahatynda hem nygtaýşy ýaly, türkmen futbolçylary islendik güýçli topar bilen ýokary derejede duşuşyk geçirmäge taýýardygyny subut etdiler. Duşuşykda «Ahal» güýçli garşydaşdan birjik-de çekinmedi, tersine, 2015-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çenli baryp ýeten garşydaşynyň derwezesinde howply pursatlaryň birnäçesini döretdi.

Hatda duşuşykda ilkinji bolup hasaby «Ahalyň» futbolçylary açdy. 75-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň burçdan oýna girizen pökgüsini goragçy Abdy Bäşimow garşydaş derwezä ussatlyk bilen girizmegi başardy. Şeýlelikde, ol «Ahalyň» Çempionlar ligasyndaky ilkinji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Şondan iküç minut soňra «Ahalyň» goragçysy Ybraýym Mämmedow garşydaşyň hüjümçisi Omar Abdulrahmany jerime meýdançasynda ýykdy. Emin munuň üçin «Ahalyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny 79-njy minutda ýarym goragçy Aziz Ganiýew dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Duşuşygyň ahyryna çenli şu hasap üýtgemedi we «Ahal» Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda ilkinji utugyny aldy.

«Ahal» indi 11-nji aprelde Kataryň «Al-Garafa» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 01:15-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň