Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler

11:0429.03.2022
0
17658
Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler

1. Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanda metjitler ýene-de işläp başlady. 29-njy martdan başlap, musulmanlar arassaçylyk-öňüni alyş çärelerini berk berjaý etmek şerti bilen, köpçülikleýin namaz ýerlerine baryp bilerler.
Türkmenistanyň Müftüligi ýurdumyzyň bäş welaýaty we Aşgabat şäheri üçin «suhur» we «iftar» wagtlarynyň senenamasyny tassyklady.

2. Owganystanyň Jowuzjan welaýatynda Türkmenistandan we Gazagystandan iberilen ynsanperwer kömek paýlanylyp başlandy. Azyklyk iýmitleri 6 müňe golaý maşgala aldy. Mätäçlik çekýänlere azyk harytlary, şol sanda un, köke, däneli önümler we şokolad paýlanyldy.

3. Turkish Airlines 8-nji aprelde Türkmenbaşydan Stambula çarter uçuşyny amala aşyrar.

4. Aşgabatdaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internaty 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuwçylary kabul ediş yglan etdi.
Okuwa girmek üçin bäsleşige 6-njy synpy tapawutlanyp tamamlan okuwçylar gatnaşyp biler. Resminamalar 14-nji aprele çenli kabul edilýär.

5. Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň merkezinde döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.
Desgalary Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli açmak meýilleşdirilýär. 1,5 gektar meýdandaky seýilgähde çagalar üçin dokuz sany çagalar attraksionlary, awtodrom, seýilgähiň dolandyryş merkezi, 50 adamlyk kafe, awtoduralga we beýleki desgalar bar.

6. Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry özbek dramaturgy Şaraf Başgekowyň «Demir zenan» pýesasy esasynda spektaklyň üstünde işleýär.
Täze spektaklda zenan maşgalanyň jemgyýetdäki orny açylyp görkezilýär, maşgala, söýgi we özara gatnaşyk ýaly gymmatlyklarda tomaşaçynyň ünsi jemlenilýär.

7. Türkmenistanyň gylyçlaşmak federasiýasy 7 ýaşyny dolduran çagalar we uly ýaşlylar üçin sport seksiýasyna isleg bildirýänleri çagyrýar.
2016-njy ýyldan başlap federasiýanyň türgenleri Dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldular we baýrakly orunlary eýelediler.
Türgenleşikler şu salgy boýunça geçirilýär: Olimpiýa şäherçesi, Köpugurly zal.

8. «Sport» türkmen teleýaýlymy Italiýanyň derbi duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. 3-nji aprelde aşgabat wagty bilen 23:40-da «Ýuwentus» öz meýdançasynda «Interi» kabul eder. Bu duşuşyk klublaryň ikisi üçin hem çempionlyk bäsdeşligini kesgitläp biler.

9. Los-Anjelesde «Oskar» baýragynyň 94-nji gowşurylyşy geçirildi. Bu ýylda «Iň gowy erkek keşbi» bäsleşiginde «Patyşa Riçard» filmindäki keşbi üçin Uill Smit mynasyp boldy. Bu film tennisçiler Winus we Serena Uilýamslaryň kakasyna bagyşlanýar.
Jessika Çesteýn «Temmi Feýiň gözleri» filmindäki keşbi üçin «Iň gowy zenan keşbi» baýragyna mynasyp boldy. Iň gowy režisýorlyk işi hökmünde Jeýn Kempionyň «Itiň Hökmürowanlygy» filmi yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň