Soňky habarlar

Arhiw

«Oskar — 2022» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

15:2428.03.2022
0
6124
«Oskar — 2022» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Los Anjeles şäherindäki Dolby teatrynda Oskar baýraklarynyň 94-nji gezek gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada mail.ru habar berýär.

Habarda beýan edilişi ýaly, Will Smit şu ýyl «Şa Riçard» filmi üçin iň gowy aktýor baýragyny aldy. Bu film tennisçiler Wenera we Serena Williamsyň kakasyna bagyşlanýar.

Aktrisa Jessika Çesteýn «Temmi Feýiň gözleri» atly film üçin iň gowy aktrisa baýragyna mynasyp boldy.

Jeýn Kampiona bolsa «Itiň güýji» atly filmi üçin iň gowy režissýor baýragy gowşuryldy.

«Dýun» atly filme alty ugurdan Oskar baýragy gowşuryldy. «CODA: ker ene-atanyň perzendi» atly film bolsa iň gowy film baýragyna mynasyp görüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň