Soňky habarlar

Arhiw

Turkish Airlines awiakompaniýasy 8-nji aprelde ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

15:4028.03.2022
0
21348

Turkish Airlines awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny aşyrar. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Belläp geçsek, Turkish Airlines awiakompaniýasy şu ýylyň mart aýynda üç sany, ýagny 9-njy, 14-nji we 26-njy martda ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, bütin dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň