Soňky habarlar

Arhiw

“Röwşen” hususy kärhanasy ähli önümleri üçin uly arzanladyş yglan edýär

16:0312.11.2021
0
21608

Tebigy deriden ýokary hilli aýakgap önümlerini öndürýän “Röwşen” hususy kärhanasy ähli önümleri üçin 10-dan 50 %-e çenli arzanladyş yglan edýändigini habar berýär.

Arzanladyşly “Röwşen” aýakgaplaryny kärhananyň ýurdumyzdaky ähli sowda nokatlarynda satyn alyp bolýar.

Isleg bildiren aýakgaplaryňyzy kärhananyň resmi saýtyndan onlaýn sargyt esasynda hem satyn almak mümkinçiliginiň bardygyny bellemek gerek. Satyn alnan harydyň tölegi nagt görnüşde, bank karty arkaly hem-de onlaýn-kart esasynda kabul edilýär.

“Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýylda esaslandyryldy. “Röwşen” kärhanasynyň önümleri hil babatda, nusgawy dizaýny we amatly bahalary bilen tapawutlanýar. Aýakgaplaryň önümçiliginde Türkmenistanda taýýarlanan derilerden peýdalanylýar.

“Röwşen” aýakgaplary ýurduň 35-den gowrak söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenýär.

Giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgisi: +993(12) 21-63-06, +993(64) 14-14-19.

Şeýle-de okaň:

Wideo:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň