Ýetginjekleriň arasyndaky birinjilikde paýtagtly boksçular 6 sany altyn medala mynasyp boldular

0
737
0
0

Geçen hepdede 1998—1999-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.

Sport baradaky döwlet komiteti we Boks boýunça milli federasiýanyň guramagynda boksçularyň arasyndaky bäsleşikler paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. Ýetginjek boksçularyň arasynda iň güýçlüleri kesgitlemek ugrunda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň bäş welaýatyndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Sylaglaryň jemi 10 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirildi.

Paýtagtymyzyň boksçulary gowy netijeleri görkezip, öňdäki 6 orunlary eýelediler. Muhammet Muhammedow, Aýmyrat Hojanepesow, Muhammet Berdibaýew, Serdar Amangeldiýew, Nurýagdy Nurýagdyýew we Mustapa Çaryýew ýeňijiler boldular. Olar Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri A.Başyrowdan, Ý.Pazzyýewden, A.Sähedowdan we beýlekilerden tälim alýarlar. Lebap welaýatyndan Serdar Ereşow, Balkan welaýatyndan Taganmyrat Gurbanow, Mary welaýatyndan Baky Toýçyýew we Daşoguz welaýatyndan Begenç Alymow hem birinji orunlara mynasyp boldular.

Bu ýaryşlarda ýeňiji bolanlar milli ýygyndy toparyň düzümine girip, halkara ýaryşlara taýýarlygy dowam etdirdiler. 20—28-nji fewral aralygynda Taýilandda Aziýa çempionatyny we güýzde Russiýa Federasiýasynda ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndy topary has jogapkärli halkara ýaryşlarda çykyş eder we Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiada — 2016-a ýollanma almak ugrunda bäsleşer. 23-nji martdan 3-nji aprele çenli Hytaýda Aziýa yklymynyň synag ýaryşlary geçiriler. Şonda baýrakly orunlary eýelän boksçular Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. 4—6-njy orunlary eýelän türgenler bolsa iýun aýynda Bakuwda (Azerbaýjan) Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin ýene-de bir gezek güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru