Türkmen pauerliftingçileri Özbegistanda geçirilen ýaryşda 20 medala mynasyp boldular

0
744
8
0

Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda pauerlifting boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri medallaryň 20-sini gazanmagy başardylar. Olaryň 9-sy altyn, 6-sy kümüş we 5-si bürünç medallardyr.

Ýaryşa Ýaponiýadan, Awstraliýadan, Indoneziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Gazagystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan 500-e golaý türgen gatnaşdy. Sportuň bu görnüşi boýunça iki ugurda – nusgawy üç görnüşde (ştanga bilen oturyp-turmak, ýatan ýeriňden götermek we agramlygy ýerden götermek boýunça umumy netije) hem-de ýatan ýeriňden ştangany götermek boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda ýaryşlar geçirildi. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda türgenler ýöriteleşdirilen esbaplary ulanmazdan ýaryşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde erkekleriň hem zenanlaryň arasynda pauerliftingiň ussatlary iň ýokary netijeleri görkezdiler. Aşgabatly at gazanan sport ussady Merdan Nursähedow agramlary 83 kilograma çenli türgenleriň arasyndaky ýatan ýeriňden agyrlygy götermek boýunça ýaryşda diňe bir altyn medal gazanman, Aziýanyň täze rekordyny goýmagy başardy. Ol ýatan ýerinden 190 kilogram agyrlygy götermegi başardy. Bu bolsa Aziýanyň ozalky iň gowy netijesinden 7 kilogram artykdyr.

Türgenleriň ýöriteleşdirilen esbaply bäsleşiklerinde hem Aziýanyň rekordy Merdana degişlidir. 2012-nji ýylda Hindistanyň Udaýpur şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi M.Nursähedow 235 kilogram agyrlygyň hötdesinden gelmegi başardy. 74 kilograma çenli agram derejesindäki Aziýanyň rekordy hem häzirki güne çenli Merdan Nursähedowa degişlidir. Ol 2012-nji ýylda Puerto-Rikoda geçen dünýä çempionatynda 222,5 kilogram agyrlygy göterip, Aziýanyň rekordyny goýupdy.

Zenanlaryň arasynda aşgabatly türgen Mähriban Jumanyýazowa iň oňat netijäni görkezdi. Ol agramlary 84 kilograma çenli türgenleriň arasynda ýaryşyň iki görnüşi boýunça hem ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzyň umumy bilim berýän 51-nji mekdebiniň mugallymy ýatan ýerinden 95 kilogram agramy göterdi. Şeýle hem ol ýene 3 altyn medaly (130 kilogram agyrlyk bilen oturyp-turmakda, 95 kilogram agramy ýatan ýerinden götermekde  we umumy netijesi boýunça – 630 kilogram) nusgawy üç görnüşde we bir bürünç medaly (agramlygy ýerden götermek boýunça – 135 kilogram) gazandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýene-de dört sany altyn medaly Bibijan Gulmürzäýewa getirdi. Daşoguzyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi – mugallymy 52 kilograma çenli agram derejesinde nusgawy üç görnüşde iň ýokary netijäni görkezdi. Ştanga bilen oturyp-turmakda ol 120 kilogram, ýatan ýeriňden götermekde 80 kilogram, agyrlygy ýerden götermekde 130 kilogram, üç görnüş boýunça 330 kilogram netije görkezmegi başardy. 

M.Jumanyýazowanyň we B.Gulmürzäýewanyň gazanan netijeleri Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň iň güýçli toparlarynyň üçlügine girmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Bäşim Amanmyradow (120 kilogramdan ýokary agramda) ýaryşyň dowamynda bäş gezek hormat münberine çykdy. Marynyň agyr atletika ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň mugallymy ýatan ýerinden agyrlygy götermekde 150 kilogram netije görkezip, hormatly üçünji orna mynasyp boldy. Nusgawy üç görnüşde bolsa ol üç sany kümüş we bir bürünç medaly eýelemegi başardy.

Ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşda hem türkmenistanly türgenler tapawutlanmagy başardylar. Aşgabadyň energetika ýörite orta hünär okuw mekdebiniň okuwçysy Öwez Ýowyýew 53 kilograma çenli agram derejesinde iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldy. Şu agramda ýatan ýeriňden agyrlygy götermek boýunça ýaryşda Aşgabat şäheriniň umumy bilim berýän 52-nji mekdebiniň okuwçysy Ahmet Dädebaýew kümüş medaly eýeledi. 

Pauerlifting 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýär. Özbegistanda gazanylan bu üstünlikler türgenlerimiziň Aşgabatda geçjek toplumlaýyn ýaryşlarda hem şeýle ýokary netijeler görkezjekdiklerine ynam döredýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru