Soňky habarlar

Arhiw

"Barselona" - 2015-nji ýylda dünýäniň iň güýçli topary

18:0720.12.2015
0
1820

Şu gün futbol boýunça Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu çempionat her ýylyň ahyrynda yklymlaryň çempionlarynyň arasynda geçirilýär. Şu ýylky çempionata Günorta Amerika yklymynda Argentinanyň «Riwer Pleýt», Ýewropadan Ispaniýanyň «Barselona», Aziýadan Hytaýyň «Guançžou Ewergrand», Afrikadan Kongo Demokratik Respublikasynyň «Mazembe», Demirgazyk Amerikadan Meksikanyň «Amerika», Okeaniýa döwletlerinden Täze Zelandiýanyň «Oklend Siti» klublary we ýer eýeleri Ýaponiýanyň soňky çempiony «Sanfreççe Hirosima» toparlary gatnaşdy. Duşuşyklar Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki «Nagai» we Ýokogama şäherindäki «Nissan» stadionlarynda geçirildi.

Klublaryň arasyndaky nobatdaky dünýä çempionatyna 10-njy dekabrda badalga berildi. Şol gün ýer eýeleriniň topary Okeaniýa ýurtlarynyň soňky çempiony «Oklend Sitini» 2:0 hasabynda ýeňdi. Ýer eýeleri bu başarnygyny çärýek finalda hem görkezip, bu gezek Afrikanyň çempionyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalyň beýleki bir duşuşygy «Amerika» bilen «Guançžou Ewergrandyň» arasynda geçirilip, onda hytaýly 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

16-njy we 17-nji dekabrda geçirilen ýarym final duşuşyklarynda «Sanfreççe Hirosima» bilen «Riwer Pleýt», «Barselona» bilen «Guançžou Ewergrand» duşuşdy. Bu gezek Aziýanyň wekilleri güýçli garşydaşlaryndan asgyn geldi. Şeýlelikde, Argetinanyň we Ispaniýanyň klublary 2015-nji ýylyň çempion bolmak ugrunda jemleýji duşuşyga çykdylar.

Jemleýji duşuşygyň teswirine geçmezden ozal, 16-njy dekabrda bäşinji orun ugrunda geçirilen duşuşygyň netijesi bilen hem tanyşdyrýarys. Bu duşuşyk «Amerika» bilen «Mazambeniň» arasynda geçirilip, onda meksikaly futbolçylar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Şu gün çempionatyň üçünji orny ugrunda hem duşuşyk geçirildi.  «Sanfreççe Hirosima» bilen «Guançžou Ewergrandyň» arasynda geçirilen duşuşygyň eýýäm üçünji minudynda Hytaýyň topary braziliýaly Paulinýonyň dürs urgusy bilen öňe çykdy. 70-nji minudyna çenli şu hasap saklanan duşuşykda Ýaponiýanyň toparyndaky  brazil futbolçysy — Duglas Matos hasaby deňledi. Şondan 13 minut soňra, Duglas ýer eýeleriniň peýdasyna hasaby 2:1-e çykardy. Şu hasap hem duşuşygyň ahyryna çenli üýtgemedi. Şeýlelikde, kluplaryň arasyndaky dünýä çempionatyna ýer eýesi hökmünde goşulan topar yklymlaryň birnäçesiniň çempionlaryndan üstün çykyp, üçünji orna mynasyp boldy.

Çempionlyk ugrundaky duşuşykda bolsa «Barselona» Günorta Amerikanyň soňky çempionyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşygyň 36-njy minudynda Lionel Messi, 49-njy we 68-nji minutlarynda Luis Suares tapawutlandy. Şeýlelikde, «Barselona» möwsümdäki 4-nji Kubogyna mynasyp boldy. Şeýle hem katalonlar Kluplaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň Kubogyna hem üçünji gezek mynasyp boldular. 2000-nji ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryşda «Barselonadan» başga üç gezek çempion bolup bilen klup ýok. Toparyň merkezi hüjümçisi Luis Suares bolsa çempionatda 5 pökgi geçirip,  Kluplaryň arasyndaky bir dünýä çempionatda iň kän tapawutlanyp bilen futbolçy hökmünde taryha girdi. Başga-ça aýtsak, şu ýaryşyň taryhynda bir çempionatda 5 gezek tapawutlanan başga futbolçy bolmandy. Ähli çempionatlaryň netijesinde hem Luis Suares iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda. Ol argentinaly futbolçylar Sesar Delgado we Lionel Messi bilen bilelikde ähli çempionatlaryň netijesi boýunça 5 gezek tapawutlanan 3 futbolçynyň biridir.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň