Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen taekwondoçysyna ITF-niň "Toparyň iň gowy taýýarlygy üçin” atly ýörite kubogy gowşuryldy

10:2707.12.2015
0
4571

6-njy dekabr (TDH). Şu gün Hindistanyň paýtagtynda söweş sungatlary  boýunça VI Halkara oýunlary tamamlandy. Onda türkmen taekwondoçylary (ITF ugry boýunça) uly üstünlige mynasyp boldular. Öň habar berilişi ýaly, ýaryşyň ilkinji güni türgenlerimiz şahsy tuli (toplumlaýyn maşklar) ugry boýunça iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Geçen dynç günleri ildeşlerimiz öz üstünliklerine şahsy tutluşyklarda gazanylan altyn medallaryň ýedisini we “öz-özüňi goramagyň görkezme çykyşlary” boýunça gazanylan bir kümüş medaly goşdular.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden türgenleriň ýedisi hem hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardylar. Bu bolsa halkara sport ýaryşlarynda ýyl geldigiçe uly üstünlik gazanýan ýurdumyzyň taekwondo mekdebiniň (ITF ugry boýunça) ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Altyn medallaryň dördüsi gara guşakly türgenlerimiziň topary tarapyndan gazanyldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby 57 kilograma çenli agramda çykyş eden Gaýgysyz Atabaýew bilen 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Mary şäherinden mekdep okuwçysy Goşanyýaz Durdyýew has hem tapawutlandylar. Türgenlerimiziň ikisi hem Nepaldan we Hindistandan bolan garşydaşlaryny ikinji raundyň başynda arassa ýeňip, final tutluşyklaryny wagtyndan öň tamamladylar.

Gara guşaklylaryň arasyndaky tutluşyklarda 2013-nji ýylda  ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň absolýut çempiony Orazmyrat Çaryýew (57 kilograma çenli) we Erkebaý Erkebaýew (69 kilograma çenli) altyn medala mynasyp boldular.

Reňkli guşaklylaryň arasyndaky bäsleşiklerde doganlar Arslan we Erkin Batyrowlar hem-de Rustem Süleýmanow birinji orny eýelemegi başardylar. “Öz-özüňi goramagyň görkezme çykyşlary” boýunça türkmen taekwondoçylary – G.Atabaýew (goranýan), O.Çaryýew, G.Durdyýew we E.Erkebaýew (hüjüm edýänler) kümüş medaly gazanmagy başardylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet senasy dokuz gezek (altyn medallaryň sany boýunça) biziň türgenlerimiziň gazanan ýeňişleriniň şanyna ýaňlandy. Bularyň üstüne iki kümüş we bir bürünç medaly goşup, dünýä derejesindäki abraýly ýaryşda ildeşlerimiziň 12 medaly gazanandyklaryny bellemek bolar. Bu netije taekwondo (ITF ugry boýunça) ýaryşynda iň gowy görkezijileriň biri boldy. Ýaryşyň guramaçylary ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, şeýle hem “ussat” (VII dan) halkara derejesiniň eýesi Aýdogdy Atabaýewe “toparyň iň gowy taýýarlygy üçin” ýörite kubok gowşuranlarynda muny aýratyn nygtap geçdiler.

Düzümine sport görnüşleriniň 20-sini birikdirýän söweş sungatlary boýunça Halkara oýunlary ITF taekwondo federasiýasy tarapyndan geçirilýär. Bu toplumlaýyn ýaryşlaryň baş maksady dürli ýurtlaryň söweş sungatlary federasiýalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak bolup durýar.

Özüne 30 döwletden birnäçe müň türgeni ýygnan bu ýaryşyň barşynda ITF-iň nobatdaky mejlisi bolup geçdi. Oňa gatnaşanlar Halkara taekwondo federasiýasynyň täze ýolbaşçy düzümini saýladylar, şeýle hem 2017-nji ýylda geçiriljek söweş sungatlary boýunça VII toplumlaýyn ýaryşlaryň geçirilmeli ýurduny kesgitlediler. Bu ýaryşlar Makedoniýada geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň