Türkmen türgeni Diýar Hojaýew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 5 müň amerikan dollary bilen sylaglanyldy

0
303
8
0

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda aşgabatly 21 ýaşly sport ussady Diýar Hojaewi sylaglamak dabarasy boldy. Ol Tolýatti şäherinde geçirilen Russiýanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda “Iň çalt gazanylan ýeňiş” boýunça dünýäniň täze rekordyny goýdy. Ildeşimiz tutluşyklaryň birinde 7-nji sekuntda öz garşydaşyndan üstün çykdy. Bu ýaryşda D.Hojaýew 2 altyn we 1 kümüş, jemi 3 medal gazanmagy başardy.

Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýar Hojaýewi 5 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýrugy dabaraly ýagdaýda okaldy.

Russiýanyň Kubogy ugrunda Tolýatti şäherinde geçen fudokan – karate boýunça açyk ýaryş muny aýdyň görkezýär. Ol ýaryşda ildeşlerimiz dürli görnüşler boýunça 9 medal – 5 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Bu üstünlige Türkmenistanyň Milli sport we sýahatçylyk institutynyň talyby Diýar Hojaýew uly goşant goşdy.

Türkmenstanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň elinde tälim alýan bu türgen Türkmenstanyň sport üstünliklerine jemi 43 medal, şol sanda 12 altyn, 15 kümüş we 16 bürünç medal gazanmak bilen mynasyp goşant goşdy.

Häzirki wagtda ol özüniň bu üstünilklerine çalt ýeňiş gazanmak boýunça dünýäniň täze rekordyny goşdy. Bu ýeňşi ol fudokan-karatede “uro-mawaşi-geri” 360 gradus öwrülip ýerine ýetirilýän aýak urgusy diýlip atlandyrylýan tilsim bilen, ýagny aýagynyň ökjesi bilen garşydaşynyň kellesine öwrülip urgy geçirmek arkaly gazandy. Bütindünýä fudokan federasiýasynyň ýolbaşçylygynda (WFF) geçrilýän ýaryşlaryň düzgünnamasyna laýyklyda muňa “arassa ýeňiş”  hökmünde baha berilýär.

Sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, fudokan-karate boýunça Russiýanyň Kubogy ugrundaky açyk ýaryşda tapawutlanan milli ýygyndymyzyň beýleki türgenleri Rüstem Annaýew, Eýmur Mädeminow, Nurgeldi Annagurbanow, Goçmyrat Gurbanberdiýew, Aýbahar Nurjykowa we Zöhrejan Jumabaýewa daga hem gowşuryldy.

Häzirki wagtda adaty karate bilen meşgullanýan türkmen türgenleri ýene bir halkara derejesindäki jogapkärli ýaryşa - 2-8-nji dekabrda Serbiýada geçjek fudokan-karate boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru